Güýzde ýazylan goşgy
Güýzde ýazylan goşgy

Gargalaram gagyldaşyp goýanok,
Gybat edip, urýar olar söhbeti.
Bir-birine göwni ýetenok, asyl,
Beýle-de bir etmek bolarmy gepi?!
Olar halanybam barlanok kän bir,
Görse, çagalaram daşlap ýör, ine.
Olañ bolsa öz-özünden keýpi kök,
Düşen ýaly bagtyñ wysal deñzine.
…Seret, çekilen deý owadan görnüş,
Didelerim bakyp-bakyp doýanok.
Gary ýagýanyny buşlaýan ýaly,
Gargalaram gagyldaşyp goýanok.
Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. Goşgular