Güýz ýazgylary
Güýz ýazgylary
Gowy adamlar gowulyga guwanýar. Erbetligi ýigrenýär. Erbet adamlaryñ gözüne diñe erbetlik görünýär. Olar iñ ajaýyp adamlaryñ iñ gowy sypatlaryny-da erbetlige ýormagy başarýarlar.
■ SADA ADAM HAKYNDA: "Bilgeşlinden sadasyran bolýar. Baryp ýatan mekir. "
■ ASYLLY GELIN HAKYNDA: "Asyllylyk oña sürtseñem ýokmaz. Il gözüne asyllysyran bolyar."
■ OWADAN ZENAN HAKYNDA: "Gije -gündiz özüne serenjam berip, ýuwnyp — ardynyp, bir gyldan bezenip yörensoñ bir zatdyr-la. Wah, ýogsa onda owadanlyk näme işlesin. "
■ ÝETMİŞ ÝAŞYNYÑ ÖÑÜSYRASYNDA ÝOGALAN ABRAÝLY, ULY ZEHINLI ADAM HAKYNDA: "Görgüli geroý boljak bolup, näçe ölmejek bolup çytraşdy welin, bolmady. (Soñra bolsa gynanansyrap) Wah, ýene-de 3-4 aýjyk ýaşaýmaly eken — dä… "
■ ZÄHMETSÖÝER ADAM HAKYNDA: "Öler ýaly işleýär… Nebsiniñ gara eşegi! "
■ ARASSA ADAM HAKYNDA: "Arassadyr öýdýäñizmi?! Saman astyndan suw goýberendir… "
Olar näme üçin adamyñ gowy tarapyny görmek islemeýärlerkä. Bu soraga dana atalar birmahal jogap beripdir: "Ogram özüni osýar, orramsam. "
Jemgyýetçilik tankydy