|

Güýz ýaly…

Güýz ýaly… GÜÝZ ÝALY…

Güleňde güýz ýaly gülüp bolsady,
Seleň sähralara ýazylyp, ýaýrap.
Aglaňda güýz ýaly aglap bolsady,
Ýere melhem bolsa gözüňden paýran.

Ýazaňda güýz ýaly ýazyp bolsady,
Ýetseň ýüreklere bereket bolup.
Öleňde…
Güýz ýaly ölüp bolsady,
Şatlandyrmak üçin ýene-de gelip.

«Uf, ýene gelipdir» diýmese şonda
Diňe çagalaň däl, dünýäniň özem.
Ýöne…
Ýöne hany, sen bolup biljek?!
Sen bu adamlardan has kämil, güýzüm! Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle