|

Güýz ýagşy

Güýz ýagşy GÜÝZ ÝAGŞY

Güýz  ýagşy

Öýleden soň ýüzün garaňka tutup,
Başlady güýz ýagşy ýagmaga ýene.
Kalbyňa çen aralaşýar jümşüldi,
Sowuk damja degeninde bedene.

Saralan ýapraklar ýatyr paýraşyp,
Şahada galanam taýyn tänmäge.
Duýgularym saralsa-da, solsa-da,
Mejbur etmez õz söýgimden dänmäge.

Guran ýapraklarda döwülýär damja,
Ses edýär güýz ýagşy şybyr-şybyrdap.
Hem: “Ol indi hiç wagt dolanmaz” diýip,
Gulagyma çawuş çakýar pyşyrdap.

Tänmesin arzuwyň.
Güýzüň bir güni
Dömmesin islegiň yza gaýtmaga.
Bagtly bolsaň bolýar.
…Aý, menem näme…
Maňa-da Güýz bar-a arzym aýtmaga.

Çemen ANNABERDIÝEWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle