|

Güýz rubagylary

Güýz rubagylary GÜÝZ RUBAGYLARY

Bu gaýgyly güýz sowular,
Gyş geler.
Gar üstünde nokat boljak guş geler.
Kerwen ýoly ýaly şeýle bir uzyn
Gijelerde duralgadyr goşgular.

***

Güýz gijesi…
Aý buluda giripdir,
Gözel görkün görkezmekden iripdir.
Aşakda –
Aýdanam owadan gyzyň
Gara saçy ak ýüzüne inipdir.

***

Gaharyna atlanan ýel –
peşmegi,
Isleýär goparyp alyp geçmegi.
Ölümden öň –
Arzuw edýär peşmegem,
Indiki ýyl üçin tohum seçmegi.

***

Ýol uzak…
Barýansyň howlukman ädip,
Ýyllaram ömrüňi barýandyr gädip.
Meni ýatlamalar bilen duşuran,
Bu güýzleri taşlap…
giderin nädip?

***

Iň soňky ýaprak dur şahada häli,
Ýeliňem gowy däl niýeti-päli.
Ýalňyz daragt aglap otyr elenip,
Bu işlerde özün saýyp günäli.

***

Açylypdyr güýzüň toý düwünçegi,
Dürli-dümen eken, baý, düwünçegi.
Beýleki pasyllar görmäge gelse,
Tapylaýmaz…
Göwni ýetmän güljegi.

***

Çytuwan ýelleriň atlanyp jyny,
Dünýäni sübseläp çykjagy çyny.
Ownuk-uşak depeleri ýok eder,
Daglar durar.
Dişlese-de hyrçyny.

***

Güýz.
Hasyl ýygnalýar.
Boşaýar peller.
Pelleriň içinde oýnaýar ýeller.
…Kakam bilen gürrüňleşip,
bileje
Gawun eken günlem dolanyp gelmez.

***

Güýzüň güni –
Çykdym beýik daglara,
Gözüm düşdi pajygaly çaglara:
Daglaryň şol öňki algyr bürgüdi
Indi ýaranokdy agyr awlara.

***

Güýz gününde,
Gün agansoň,
öýle, men
şol tanyş baglara çykdym seýle men.
Baglar-a meň ýaly garrap gidipdir,
Menem indi…
Yşkdan joşup söýlemen.

***

Güýz.
Ýaşaýyş üçin darkaş gurulýar,
Nalaçlykdan talyň boýny burulýar –
Iň soňky ýapragy gaçmajak bolup,
Janhowluna –
iki ýana urunýar.

***

Ýüzlendim saralyp-solan Güýzüme:
— Men-ä haýran aladaňa – müýnüňe.
Diýdi –
Diňe hyýalymda sataşýan,
Bahar atly ýarym girýär düýşüme.

***

Maňa bir zat bolýar soňky günlerde,
Ýatman çykýan –
Uzap barýan tünlerde.
Geplejek bolýaryn,
Gepläp bilemok.
Wah…
düşjek-le…
goýberenok münber-de.

***

Ýasadym seň üçin üýtgeşik küýze,
Her göreňde küýse,
Sen meni küýse.
Meniň beren güllerimi ek oňa,
Gurap galaýmasyn –
Galdyrma güýze.

***

Güýz –
Ýatladýar parasatly gojany.
Günleriň birinde gaçyp mejaly
Baka gitjek wagty –
diýer pyşyrdap:
— Päk zähmete bagyş etdim bu jany.

***

Suw eltip –
daglaryň beýik ýerine,
Perhat ýetjek-ýetjek wagty Şirine –
Bir garry kempiriň keşbine girip,
Köne dünýä başlady öz şerine.

***

Perhat Şirin diýip dagy kesipdir.
Ýöne…
Birden hijran ýeli ösüpdir.
Şo dag…
Şo dag…
Bolýan işi görsene
Tahyra ýol berip, yza tesipdir.

***

Seret –
bu güýzleriň boluberşine,
Gülleriň kem-kemden soluberşine.
Her geçen güýz örän ýowuzlyk bilen,
Ýene-de bir ýyly ýüklär gerşiňe.

***

Bereket, nur ýagyp altyn güýzümden,
Göwni dolup galdy halkyň güýzümden.
Menem kök urmaly –
hasyl bermeli,
özüme kän nusga aldym güýzümden.

Aýyt GURBANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle