Güýz hakynda gyşda ýazylan goşgy
Güýz hakynda gyşda ýazylan goşgy
Pasyllaň depesinden gurup täsin bir ýoly
Her bir ädimi bilen ýatlar ýaly yz goýup
Geldi, akyl käsesi pikir-paýhasdan doly
Bir pähimdar gojanyň sary çäkmenin geýip
Goýy-agras reňke boýady ol her güni,
Bereketden doldurdy, diýdi: «Galmasyn
boşluk!…»
Gaçdy gitdi baharyň beren ýaşlyk ýelgini,
Gitdi yssy tomusdan bize ýolgan gyzmaçlyk.
Paýhas bilen doldurdy olaryňam ýerini,
Jomartlykda aýlanyp taý tapmady özüne.
Arly ýyllap daýhanyň döken maňlaý derini
Müň nygmata öwürip, gaýdyp berdi yzyna.
Togsan günläp ir turdy, togsan günläp giç
ýatdy,
Tapdy eziz topragmyň gizläp goýan
humlaryn.
Çeşmeleriň suwuna şeker gatdy, bal gatdy
Süýjlikden gandyrdy bagşylaň
aýdymlaryn.
Ganat baglap, uçurdy şahyrlaryň gazalyn,
Garaz, eden işiniň goýmady ol hatasyn.
Ýaz gününde sataşan ýigit bilen gözeliň
Birleşdirip ýüregin, gyýyp berdi nikasyn!
Arman waspyn ýetirmän, diňe arzuw ýüwürdip
Gezipdirin ýene men, dişläp galdym
hyrçymy
Bir görsem, ol ýüzüni geçmiş taýa öwürip
Barýan eken egnine atyp boşan horjuny.
Görsem, eýýäm howludan uzadyp öz boýnuny.
Jyklap duran ekeni ak selleli gyş gelip.
Hernä dulumda duran güýzüň beren baýlygny
Synlap biraz ynjaldym, dem aldym men hoş
bolup.
Şolar güýzüň keşbini aýyrmaz göz öňümden,
Şolar ýazdyrar maňa güýz hakdaky şygrymy.
Güýzüm üçin saklaryn, orun berip göwünden
Gyş garydyr ýaz gülün hem tomusyň nuruny.
Olam närazy galmaz meger şeýle sowgatdan.
Meniň bolsa boş geçen günlem bolar
gyr-jynym.
Onýança-da güýz geler, ýüklenip müň
nygmatdan,
Girer, geçer törüme, açar doly horjunyn.
Italmaz NURYÝEW. Goşgular