Güýz gijesiniň oýlanmalary
Güýz gijesiniň oýlanmalary
Bu meýdanda arzuw meniň ýygýanym,
Otlar aýdym aýdýa, berýärin häsin.
Senem maňa gargaýamyň, sögýämiň,
Wysal bolman bagry ýanan yhlasym.
Goý, içikme, kalbym öýden halyçym,
Joşgun gaýtdy, kenaryna sygmandyr,
Düşün janam, ahyr bir gün göwni üçin,
Iň petigaraňam bagty çüwýändir.
Güýz gyýylyp takdyrynyň keçdigne,
Dökdi ýapraklaryn, egildi başlar.
Näderin bilenok ýalaňaçdygna,
Namys edip telbe bolan agaçlar.
Yhlasym uklapsyň, hany aýdymyň,
Göýä güýz gijesiniň armany deýin.
Bir ýerlerden sesi gelýär tüýdügiň,
Oýan dünýäm, gözleriňe döneýin!
Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA. Goşgular