|

Güýz gijesi. Noýabr

Güýz gijesi. Noýabr GÜÝZ GIJESI. NOÝABR

Güýz gijesi.
Adaty gün.
Noýabr.
Ümsümlik gurşapdyr töwerek-daşy.
Şemalyňam ýadandygy bildirýär,
Agaçlaram häzir yranok başyn.

Aýam bu gün asmanymda görnenok,
Müdümilik giden ýaly — terk ede
(«Senden gowy meniňem bir aýym bar»
diýenime, öýkeländir ol, belki-de)

Kütek gözler ýollaryma garaýar,
Geljege garaýan a:ýdyň göz bilen.
Sebäp, her kim bolup biler ýeňşe ýar,
Bu durmuşda kynçylyga döz gelen.

Saňa barýan ýollaň kötellerinden,
Aşyp, saňa basym barasym gelýär.
Hemem pursat bolsa,
sypdyrman elden
Ýalňyzlygy daşlap urasym gelýär.

Günler geçer sagadyny jylawlap,
Geçenlerem, geçjeklerem — göýä bir.
Sensizlikde yşksyz kalbym gyrawlan,
Güýz gijesi.
Adaty gün.
Noýabr.

Ylham GURBANALYÝEW.

2022.11 Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle