Güýz geldi
Güýz geldi
Güýz geldi, baglarda ýaprak saralyp,
Tänip ýere düşjekleri ikuçsyz.
Olar gamlanmaýar kalby daralyp,
Hiç kimden kinesiz, hiç kimden öçsüz.
Gaýta ýardam berip ýaprak ýapraga,
Bir birni sypaýar öwsen şemala,
Yzly-yzna gaýyp düşýär topraga
Uçýanlarna begenýän deý hamala.
Towlanyp-towlanyp olar howada,
Tans edýän deý, güýz şemalnyň sazyna.
Ýere gaýyp düşüp, ýene şo bada
Towusýarlar, uçjak bolup yzyna.
Towlanýarlar, hersi bir ýan ygyşyp
Galgaşýarlar öwsen ýeliň badyna.
Tolkun bilen suwsuz kenara düşüp,
Çyrpynýan balygy salýar ýadyňa.
Olar tänip, çar ýan gaýyp giderler,
Haly deýin, bezäp seýil bagyny.
Adamlar basgylap, gezim ederler,
Undup, olaň saýa salan çagyny.
Bahar pasly şygyr ýazyp waspyna
Diýipdik: ”-biz sizi baky söýeris!”
Bu gün gaýyp düşýär aýak astyna,
Biz bolsa olary basgylap ýörüs.
Dökün bolmak ýapraklaryň ykbaly.
Gyşda gara ýere siňip gidýärler.
Baharda pyntyklaň düweri ýaly,
Olar özlerini gurban edýärler.
Azat NURGELDIÝEW. Goşgular