|

Güýz bolaryn

Güýz bolaryn GÜÝZ BOLARYN

Gitme!
Gitseñ güýz bolaryn, ölerin!
Neýläýin agaçlar egse başyny?..
Otly bekedinden çykyp gidensoñ
Nämüçin öwrülýän garañky gijä?
Garlawaçlar tutup şaýyn, goşuny
Nirädir bir ýere uçup gidensoñ.
Elýaglyklar galgaşanda nämüçin,
Dargursaklyk bilen egýän başymy?!.
Bar zat ýowuzlyga elin salgaýar,
Ýañja gunça açan elwan güllerem,
Neçüýn birden meñizlerni sallaýar…
Gitme!
Gitseñ güýz bolaryn, ölerin!
Gulaçlamsoñ ýedi derýañ suwuny,
Köpriñden aşamsoñ, gutardy bar zat.
Küýselse-de öñki iýlen almalar,
Guşlar uçup gitdi,
Gutardy bar zat!
Biz indi çaga däl, diýjegimizi
Dymybam bir zatlar düşündireris.
Günler geçip barýar,
A ýyllar bolsa,
Enaýy däl ýeke bulgur arakdan.
Aýdymlar şo-ol öñki köne aýdymlar,
Oýunlarñam manysy ýok öñki deý.
Agaçlara ok sanjylan ýüregiñ,
Suratyny çyzyp ýören çakgylar
Nirde indi?..
nirde galdy lül-gammar
serhoşlugyñ beren däli hywuwy?!.
Gitme!
Gitseñ güýz bolaryn, ölerin!..

Hasan Hüseyin KORKMAZGIL,
türk şahyry. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle