|

Guw, Çortan balyk hem Leňňeç

Guw, Çortan balyk hem Leňňeç GUW, ÇORTAN BALYK HEM LEŇŇEÇ

Iliň agzy bolsa ala,
Işleri hem barmaz ýola,
Hiç bir zada gelmez laýyk.
Ine, bir Guw, Leňňeç hem Çortan balyk
Ýük daşamak üçin aldylar işi,
Üç ýerden dyzaşyp, gyjaşyp dişi,
Etdiler gaýrat.
Emma welin ýüküň şol bir boluşy —
Çykmady hiç zat.
Ýük agyr hem däldi, emma gör guşy —
Ol göge dyzaýar, Leňňeç hem yza,
Balyk bolsa ýetjek bolýar deňize.
Bilmedik haýsysy günäkär munda,
Emma ýük häzir hem öňki ornunda.

Iwan KRYLOW.

Terjime eden Hajy YSMAÝYLOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle