| |

Gutlaglynjy çamalak / absurd gutlag-kyssajyk

Gutlaglynjy çamalak / absurd gutlag-kyssajyk GUTLAGLYNJY ÇAMALAK

Gutlaglynjy çamalak / absurd gutlag-kyssajyk

Allaň eradasy bilen ýaradylan martyň bir güni, Çymmyllygyň göwni joşdy.
Dolup-daşdy-da, jahan ýüzüniň ähli Mümmüllijeklerine ýagşydan-oňat, gowudan-zyba, uzdan-seýkin, mymyjakdan ülpüldäpjik duran sözleri aýdyp, olaryňam kalbyna ýakym çaýasy geldi.
Şeýdibem “Zemin” diýilýän asly palçykdan logalajygyň…
Iň Eziz!
Iň Mährem!
Iň Nepis!
Iň Gözel!
Iň Näzik!
Iň Ajaýyp!
Iň Küýsegli!
Iň Arzyly!
Iň Muhabbetli!
Iň Syrly!
Iň Matally!
Iň Eýjejik!
Iň Enaýyja!
Iň Göwündeş!
Iň Ahramy!
…umuman, iň, iň, iň… mähribanlary bolan hemmejik Mümmüllijeklere iň ýürekden syzdyrylyp aýdylýan, iň çypbakaý-çyn gutlag sözlerini, hyýal kagyzyna nagyş eýledi-de, al-asmana uçurdy goýberdi.
Goý ýaňlansyn onuň arzuwlary ümmülmez Mawulykda!
Ýaňlansyn-da, ähli Mümmüllijekleriň gulagyna-da, göwnüne-de ýetsin!
Geň zat.
Çymmyllygyň hyýal sahypasyna keşdelän nagyş-sözleri, hakykatdanam gök gümmeziniň astynda ýaňlanyberdi:
-Gutlyňyz mart bolsun, hanymlynjy sekizler!!! 🙂 Degişmeler
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle