|

Guruñ!

Guruñ! GURUŇ!

Adamazat aňynyň
arşa seredip,
Onuň hyýalyny bilýän mahaly,
Kiçi döwletleriň
ula öwrülip,
Ululaň
asmana
galýan mahaly.

Unudyň owunjak aladalary,
Ýurduň
bir maksatly ýolunda ýörüň.
Kitap okaň!
ediň belent arzuwlar.
Täzäni guruň!

Şäher guruň –
Penjiresi giň bolsun,
Säher
gün şähere başyny egsin.
Binasy berk,
belent-belent jaýlara
Awara durnalaň ganaty degsin.

Köçeleri
al şapakdan başlanyp,
Uzap
ýene al şapakda gutarsyn.
Adam şol köçeden ugrasyn dünýä
Hem şol köçe bilen dnýä getirsin!

Bagtly bolar şeýle şäherde ýaşan
Gaýgy düşmez,
gussa düşmez ýadyna.
Siz ony giň guruň!
Siz belent guruň –
“Gün şäheri”
diýer ýaly adyna.

Howaly köprüler bina edilsin!
Ýeňil bolsun
onuň
münüp-düşeri.
Ol bir ýöne-möne köpri bolmasyn –
Ýada salsyn
tämiz älemgoşary!

Ol bir ýöne-möne köpri bolmasyn –
Aýagyn berk urup ýeriň şaryna
Dursun ol.
Adamlar geçsin üstünden
Düşünişmek üçin biri-birine.

Gurmak üçin inipdiris bu dünýä,
Gurmak üçin
planetamyz bolmaz dar.
Biziň hemmämiziň bir mähribanymyz –
Biziň çyn enemiz – Ýer şarymyz bar!

Säherler oýanyp,
aýdymlar bile
Hatar düzüp, işe tarap ýörülsin.
Bu planeta
durşy bile
joşgunly
Gurluşyk meýdany bolup görünsin.

Göni bolsun hatarlarmyz
elmydam.
Ol aňk etsin dünýäň ussalaryny.
Goý, olar
şu hatarlardan alsynlar!
Gönülik ölçegniň nusgalaryny!

Bar zat geçýär
bu dünýäde
özgerip,
Ýyllar
guradýarlar almany-nary,
Diňe bir zat bu dünýäde bakydyr –
Aňymyzyň,
Ýüregmiziň hünäri.

1967 ý.

Gurbannazar EZIZOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle