Gürsüldi
Gürsüldi
Gel, gyz!
Gursagyña gulagym goýup
Señ ýüregiñ gürsüldisin diñlaýin!
Bil, gyz!
Bu dünýäde men seni sõýüp
Aýdym boldum,
Munda näme diñläýin?!
«Gürs-gürs,
Gürs-gürs,
Şu sõýüşiñ bes!
Meniñ sõýgim älem içre ders dälmi?!»
Diýip zenan kalby owaz edende,
Çensiz hyjuw dõräp gitdi bedende.
Ýõne sõygi atly päk rysgalyñy
Abat sakla munda
Pes tut päliñi!
Diýip õz õzüme ýüzlendim, ýene,
Şygyrlarymy bagyşlap ýar şanyna.
Bagt maña ajap ykbal berjekmiş,
Düşünip hak sõýgä garaşýanyma.
Gürs-gürs,
Gürs-gürs,
Sars, ýüregim, sars!
Bagtyñ üçin hozanak bol gursakda.
Sõýgiñ bagt diýen pynhan mülküne
Biz ikimiz gol tutuşyp barsak-da.
Çenden bimar bolmaz ýaly hulkuña
Gel, sõwer ýar,
Bir silkine silkine!
Aýñalaly çakdanaşa joşgundan,
Arasynda paýhasa-da ýer goýup.
Gõýä, bedew kimin seniñ yşkyñdan,
Huzuryñda men segreýip-segreýip.
Sersepiliñ biri boldum,
Ynanyñ,
Indi maña yşkdan humar diýýärler
Her kes bu zamanda sõýgä ser berjek,
Juda-juda seýrekdigin duýýarlar.
Has TÜRKMEN.
«Beýik Türkmenbaşy Nesli» gazeti, 2007.
«Garagum» žurnaly, 2009 ý Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.