|

Gurruk guýy

Gurruk guýy GURRUK GUÝY

Gurruk guýy

"Gurruk guýa daş atsañ,
Ýiter gider ejejan…"
Lälelerden.

Adam bar — dünýäñi gowuryp taşlar,
Durmuşyñy öwrer sakar dowzaha.
Adam bar — düýrügen dünýäñe girip
Birujundan seni ýazmaga başlar.
A sen düşen ýaly borsuñ uçmaha.
Nirden,
Nädip çykandygny bilmersiñ.
Gurruk guýularyñ tümlügne bakman,
Diñ salmak islärsiñ ümsümligine.
Bek ýumup gözüñi böker goýbärsiñ,
Garaşmarsyñ özgäñ iteklemegine.
Ne gana boýalar,
Ne ýaşa köýnek,
Ýazygna-da galmaz bigünä gurduñ.
Ýöne salamymy ýetirsin, meniñ
Hyrydarym boljak Züleýhalara
Garañky guýulañ düýbüni sermäp
Ýatan Ýusubynyñ salamyn, derdin.
Alybam çykmasyn meni bu çaýdan,
Goý, ýitip gideýin atylan daş deý,
Onuñ düýpsüz dünýäsinde ömürlik.
Bir gün ýüzüginde zümerret gaş deý
Ýalpyldap giderin kirpiklerinde
Ýüreginde ýalkym saçar duraryn,
Yşygym Aý nurun serpikdirende,
Garañky bir guýa uçar duraryn.
Men gözümi mäkäm ýumdum,
barybir,
Ýene-de şol çaýa gaçar duraryn,
Gaçar duraryn…

Has TÜRKMEN.

Surat: Salwador Dali. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle