“Gürp” bilen “tarpyň” gysgajyk gyraňlary
“Gürp” bilen “tarpyň” gysgajyk gyraňlary
• 1-nji gyraňy
Gürp.
Başlady.
Tarp.
Gutardy.
Boks boýunça sport ussady ekeni…
• 2-nji gyraňy
Gürp.
Açdy.
Tarp.
Ýapdy.
Gitdi…
• 3-nji gyraňy
Gürp.
Urdy.
Tarp.
Ýene-de biri.
Wah, ony satyn almaga edilen bergi!…
• 4-nji gyraňy
Gürp.
Gaçyrdy.
Tarp.
Üstünden basdy.
Döwdi…
• 5-nji gyraňy
Gürp.
Açdy.
Tarp.
Ýapdy.
Girdi…
• 6-njy gyraňy
Gürp.
Süsdi.
Tarp.
Ýene-de.
Häk, şahy döwülmiş!…
• 7-nji gyraňy
Gürp.
Açyldy.
Tarp.
Ýapyldy.
Gurbany boldugym, öwsäýşini!…
• 8-nji gyraňy
Gürp.
Tozan.
Tarp.
Tozan.
Kakylmanyna iki-üç ýyl bolan bolara çemeli…
• 9-njy gyraňy
Gürp.
Ýemşerdi.
Tarp.
Göneldi.
Gowy demirden däl ekeni…
• 10-njy gyraňy
Gürp.
-Kimsiň?!
Tarp.
Jogap ýok.
-Şemal ekeni…
• 11-nji gyraňy
Gürp.
Ahyry dyndy.
Tarp.
Ýerinde goýdy.
Okamaga takatyň ýetmeýär, ýazmaga nädip takaty ýetdikä?…
•12-nji gyraňy
Gürp.
Gutaraýdy.
Tarp.
Ýerinde goýdy.
Dowamy haçan ýazylarka?… Degişmeler