|

Gurjakbaşy

Gurjakbaşy GURJAKBAŞY

Hiç haçan men seniň duşmanyň däldim,
Batga bolup garalmandym öňüňde.
Onda nämüçin sen bukdaklap ýörsüň,
Köýüp giden aryň bar ýaly mende.

Ne-hä sen bir penje urýaň ýeňsämden,
Ne-de aýdyp bilýäň ötgür sözüňi.
Oýunjak gurjaklaň açaryn towlap,
Perdäň aňyrsyndan dikýäň gözüňi.

Soň gurjaklaň maňa oýun görkezip,
Seň sözüň gaýtalap azar berýärler.
Towy gutaransoň jansyz şeýtanlar,
Ýene seniň huzuryňa barýarlar.

Men ýatdan çykarman gurjaklaň oýnun,
Men seniň kölgäňem çykarman ýatdan.
Kölgeler gurjaklar bilen garpyşyp,
Iripdirler ýöne ownuk azapdan.

Eger-de meň boljak bolsa duşmanym,
Aždarha dek, belent bolsun dünýäde.
Kül üstünde oturandan bimaza,
Gowudyr özüňi oklanyň oda.

Annasoltan KEKILOWA Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle