|

Gurbangylyç Hydyryñ horjunyndan

Gurbangylyç Hydyryñ horjunyndan GURBANGYLYÇ HYDYRYÑ HORJUNYNDAN

Gurbangylyç Hydyryñ horjunyndan

«Meni ösdürenoklar» diýip, dyrnak arza ýazypdyr. «Ösdürsek añryñda kir saklaýañ» diýip, jogap beripdirler.

* * *

Hakykat gulaga däl, ýüze aýdylýar.

* * *

Tomzak her näçe ys algyjam bolsa, güle gonmaz.

* * *

Diliñe buýur, pikiriñden öñe geçmesin.

* * *

Akmaklyk etmek üçin akylyny ulanýanam bar.

* * *

Öz wagtynda dili dişläp bilen dişe akyl dişi diýilýär.

* * *

Gurçuk bürgütden däl-de, serçeden gorkýar.

* * *

Akylyñ näçe az boldugyça kelläñde köp ýer tutýar.

«Watan» gazeti, 30.11.1996 ý. Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle