| |

Gurbandurdy Zelili

Gurbandurdy Zelili

GURBANDURDY ZELILI

Gurbandurdy Zelili Gürgeniň Garaguzy obasynda 1779-njy ýylda eneden dogulýar we 1846-njy ýylda aradan çykýar. 
Onuň kakasyna Mämmetjuma, ejesine Hurma (Magtymgulynyň ýegeni) diýer ekenler. Zeliliniň önüp-ösen ýerleri Etrek, Gürgen, Garrygala sebitleridir. Önüp-ösen ýerini Zelili öz döredijiliginde şeýle setirler bilen görkezýär:

“Ata-baba geçen jaýlary görsem,
Gürgende nan iýsem, Etrekde ýörsem….”

Zelili oba mekdebinde, soňra bolsa Hywadaky “Şirgazy” medresesinde okapdyr diýen maglumat bar. Zelili – “zelil, horlanan, ezilen, ejiz düşen” diýmekdir. Sebäbi Zelili öz ömründe oňly gün görmändir, mydama onuň ýaşaýşy horlukda, ekspluatator synplar tarapyndan kemsidilmekde geçipdir. Gurbandurdynyň Zelili diýen lakamy onuň ýaşaýşy – durmuşy bilen baglanyşyklydyr.
Halk arasyndaky rowaýatlara görä, Zeliliniň esasy kesp-käri kümüş, demir ussaçylygy bolupdyr. Zelili öz güzeranyny garyplykda geçiripdir.Zelili ýaşlykdan öz obadaşy Döndi diýen gyz bilen söýüşyär. Şahyr öz söýgülisine bagyşlap, birnäçe şygyrlar hem düzýär – “Döndi hanym”, “Janymyň jananasy” we başgalar. Emma Zelilä Döndi bilen öý-işik bolup maşgala durmuşyny gurmak miýesser bolmandyr. Bu hakda halk arasynda bolan maglumatlaryň birinde “Döndi bir barly ýere çykarlypdyr” diýilýär. Şu maglumatyň dogrulygy ähtimaldyr. Şol döwürde öýlenmek üçin töleýän galyň Zelili ýaly garyplara örän agyr düşüpdir, olar köp ýyllar barlylaryň igençli we agyr zähmetini çekmäge mejbur bolupdyrlar. Munuň üstüne-de ekspluatator synp wekilleri azat söýgini barlapdyrlar. Ine, şonuň üçin hem Zelili Döndä öýlenip bilmändir.
Zelili Nury atly gyza öýlenip, onuň bilen ömrüniň ahyryna çenli ýaşapdyr. Nuryň ogly bolýar, oňa Mämmetdöwlet diýýärler. Mämmetdöwlet ilki Mama diýen gyza öýlenýär, ol aradan çykansoň, Halbibi bilen durmuş gurýar. Halbibiden Jumadöwlet, olardan hem Ogulnar, Maýa, Şemşat bolýar, häzir Zeliliniň nebereleri Garrygala töwereklerinde ýaşaýarlar.

■ DÖREDIJILIGI

Zelili bir topar liriki goşgularyň awtorydyr. Onuň edebi döredijiliginde ýaşan döwründe ýüze çykan wakalary suratlandyrmak bilen, il-güne degişli, sosial deňsizligi görkezýän, mert we namartlara degişli öwüt – nesihat beriji, söygi temada çeper şygyrlar uly orun tutýar. Zeliliniň döredijiligi özüniň manylylygy we çeperçiligi bilen tapawutlanýar. Onuň döredijiligi türkmen klassyky edebiýatynyň durmuşa has içgin aralaşmakdaky täze ädimini alamatlandyrýar. Zeliliniň döredijiliginiň kämilleşmegine, ösmegine, birinjiden, onuň özüniň edebiýat bilen gyzyklanmagy, edebiýatyň jemgyýetçilik durmuşunda tutýan ornuna belli derejede akyl ýetirmegi, köp okamaklygy, ikinjiden, daýysy Magtymgulynyň döredijiligi uly täsir edipdir.

■ Watançylyk temasy

Zeliliniň döredijiliginde il-güni, ýurdy söýmek we halkyň erkin durmuşyny, agzybir ýaşaýşyny goramak pikirleri uly orun tutýar. Zelili öz ülkesini – ýaşan ýerini, onuň tebigatyny bütün baýlygyny, zähmetkeş halkyny tüýs ýürekden söýen watançydyr. Şahyr öz önüp-ösen yeriniň – Etregiň, Gürgeniň keşbini, tebigatyny “Watanym, seni” diýen şygrynda uly joşgun bilen suratlandyrypdyr. Watan temasyna degişli beýleki şygyrlarynda bolşy ýaly, şahyryň bu şygyrynda hem basybalyjy duşmanyň abat oturan Etrek, Gürgen zähmetkeşlerini gyrgyna berşi, talaňa salşy görkezilýär. Zelili ýesirlikde diňe watan umydy bilen ýaşaýar, haçanda watanyny, onuň gözel tebigatyny ýatlanda, ol gözýaşyny saklap bilmeýär. Şahyryň duşmana bolan ýigrenji onda watana bolan söýgini, joşguny has güýçlendirýär.

■ Mertlik, batyrlyk, ahlaklylyk temasy 

Zelili il-ýurdy ýürekden söýmek bilen birlikde, onuň ýigitleriniň mertligini, batyrlygyny, gowy ahlaklaryny wasp edipdir . Şahyr öz ildeşlerini arly – namysly bolmaklyga çagyrypdyr. Şahyryň şeýle eserleri ýigitlere teselli beripdir, olary ruhlandyrypdyr we olaryň güýçlerine güýç goşupdyr. Zeliliniň il-günüň, ýurduň ar-namysyny ugrunda tutanýerli söweş eden gaýduwsyz ýigitleriň at-owzasyny dabaralandyrmagy, munuň tersine, gorkaklary, nalajedeýinleri, aýal ýagysy dik düşdileri,ýaňralary köpçüligiň öňünde masgaralamagy tötänden bolman, şol döwrüň şertleri, ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr. Duşmanyň talaňçylykly ýörüşine gaýtawul bermek üçin, batyr, gaýduwsyz, at-ýaragdan peýdalanyp bilýän adam gerek bolupdyr. Zelili bolsa duşmana garşy çynlakaý söweşijileriň sanyny köpelmek maksady bilen, batyrgaý ýigitleri taryplapdyr, götergiläpdir, namartlary ýazgarypdyr.
Şahyr mertler bilen namartlary deňeşdirende, olara mahsus bolan aýratynlygy örän ýerlikli görkezýär. Ol özüniň “Dert galar” diýen şygrynyň:

“Ýowuz ýerde ýüzde –ýüz gelse,
Yzyn dönmez, namart gaçar, mert galar”

— diýen setirlerinde il-halk üçin duşman bilen söweşmeli bolanda, mert ýigitleriň ölümden heder etmän, soňky demlerine çenli söweşýändiklerini, emma namartlaryň binamyslylyk edip gaçýandyklaryny, il-ýurt hakda pikir etmän, öz janlary hakda aladalanýandyklaryny, hatda namartlaryň bile söweşe çykan ýoldaşlarynyň ykbalynyň neneňsi boljakdygyny hem unudýandyklaryny belleýär. Zeliliniň “Diýmek biläni” şygrynyň:

“Keýpi açylar duşman görende mertler,
Pikir basar, gaýga gider namartlar…”

— diýen setirlerinde hem mertler bilen namartlar bir-birinden aýyl–saýyl edilip suratlandyrylýar. Bu setirlerde “mert ýigidiň duşman görende”, oňa garşy ýigrenjilik bilen aldym-berdimle söweş edýändigi, emma namartlaryň bolsa duşman gördügi gaýga batyp dowla düşýändigi beýan edilýär.Şahyr “Bilen” şygrynda hem “Diýmek biläni” diýen şygryndaky pikirlerini gaýtalaýar. Ol:

“Söweş güni mert ýarasyn baglamaz,
Namart gaçar dönüp, soňyn saglamaz…”

— diýmek bilen, mert ýigitleriň çydamlylygyny wasp edýär, emma gorkaklaryň “namartja olam , sagja olam” diýip, söweş meýdanyndan ýazzyny berýändiklerini tankyt edýär. Zelili “Diýmek biläni” diýen şygyrlarynyň ilki setirlerinde namartlaryň üstünden düşýär. Namartlara syn bermezligi, etjek işini olara duýdurmazlygy olara berk talap edýär. Eger-de syry, göz öňünde tutulan maksady namartlar duýsalar, berk tabşyryga garamazdan olaryň ýaňrajakdyklaryny, syry äşgär etjekdiklerini şahyr nygtap görkezýär:

“Namarda syr berme, syr saklar diýip,
Namart syr saklamaz, diýmek biläni…”

— Şu şygyryň bir ýerinde Zelili uzak wagtlap myhmançylykda bolýanlaryň, ondan-da gezip ýörenleriň, duş gelen ýerde gürrüňdeşlerine geplemäge gezek bermän, ýaňrap ýörenleriň hem-de yaşlykda lälik saklanyp, ulalansoň zähmet çekmäge ukyby bolmadyklaryň il içinde ýigrentgilerdigini bildirýär. Şahyr özünüň şygyrlarynda birek–birege ajy söz aýtmazlygy nesihat edýär:

“Ýagşy söz diýeniň güldür,
Ýaman söz tiken ýalydyr…”

— diýen setirlerinde (“Ýow çykan ýalydyr”) beýan edýär.
Şahyr “Bilen” şygrynyň:

“Köňül almaz ýerden bir ýaman sözi
Eşitseň, iç gysar sygyrmak bilen”

— diýen setirlerinde-de birek-birege süýji sözli bolmaklygyň, biderek ýere adamyň göwnüne degmezligiň tarapynda durýar.
Zeliliniň “Özge dem bolmaz” diýen şygry başdanaýak öwüt-nesihat häsiýetlidir. Şahyr bu şygyrynda mugthorçylyk almyty üçin biri–birinden gabanyp, ile sopuçylyk satýan sopularyň gara nebisleri üçin her zat etmäge taýýardyklaryny real beýan edýär. Ýalançy mugthorlardan seresap bolmaly diýen pikiri öňe sürýär. Zelili aňsat eklenç üçin özlerine din hadymy hasaplaýan ýalançy pirlere hergiz ynanmaly däldigini hem bu eserinden aýratyn nygtap aýdýar. Pirler näçe keramat satsalar-da, özlerini öwseler-de, ýagşy kişi bolan bolsalar-da, olaryň zähmet çekmän, ilatyň dilenip ýa-da olary aldap, şol aldawçylygyň hasabyna ýaşaýandyklaryny düşündürýär. Pirleriň pyssy-pyjurlygyny görüp, şahyr olary “Şeýtanyň şägirtleri” diýip, açyk yglan edýär. Zelili bu şygrynda dogry sözlügi ündemegi, gybatkeşligi, ýalançylygy ýazgarmagy hem maksat edinipdir. Bulardan başga-da ol zähmet çekmekden, işlemekden gaçýan adamlary tankytlaýar we şonuň bilen birlikde, beýlekilere şeýle häsiýetleri endik edinmezligi öwüt-nesihat edýär. Meselem:

“Bikardyr ýaltanyp, ýaman ýöreniň,
Bu bir hassalykdyr, asla em bolmaz…”

Şahyr bu ýerde, birinjiden, ýaltanyň gününiň hor geçjegini aýdýan bolsa, ikinjiden, ýaltalyk-hassalykdyr, ondan daşda duruň diýen ideýany öňe sürýär.
Zeliliniň “Başgana ýagşy” diýen şygry hem öwüt-nesihat beriji, çuň we ýiti manyly eserleriň biridir. Häzir-de halk arasynda bu şygryň birnäçe setirleri nakyl hökmünde ulanylýar. Şahyryň:

“Atsaň, nyşana deger okuň dogrusy,
Bir meňzile ýetmez ýüküň egrisi,
Basym sandan çykar oba ogrusy,
Ýigit sada gerek, türkana ýagşysy”

— diýen setirlerinde adamlaryň dogruçyl, sada bolmaklary durmuş hadysalarynyň mysalynda, ýagny deňeşdirmek ýoly bilen, nesihat berilyär.
Zelili “Aslyna ýet, söz manysyn sora-da” diýmek bilen, aýdylan sözi oňat diňläp, onuň manysyna düşünmegiň ähmiýetini, etjek işiňi, düşünjek zadyňy soraşdyryp anyklaşdyrmagy maslahat berýär. Sözüň manysyna düşünmän, aýdylan pikiriň anygyna ýetmän, bolgusyz netije çykarmaga howlukma diýip nesihat edýär.

■ Zeliliniñ çeper obrazy

Goşmaça maglumat üçin Annatagan Nurgeldiýewiñ "Gülýaka" hekaýasyna seret.
Hekaýanyñ saýtdaky linki:

http://kitapcy.ml/news/gulyaka_hekaya/2018-06-12-288

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle