Gurbaga bilen Öküz
Gurbaga bilen Öküz
Öleňlikde Öküz gören Gurbaga
Synandy öküz deý uly bolmaga,
Çünki ol bäsdeşdi her görenine —
Çişýär ol ine:
«Seret, jora, öküz deý boldummy men?»
«Ýok — diýdi gurlawuk — entekler daş sen.»
«Ýene bir bak, indi şeýle çişeýin,
Derrew borun öküz deýin.»
«Ýok, araňyz örän daş.»
«Indi neneň?» — «Heniz hem öňkiň, ýoldaş.»
Ýene haşlap,
Çişip başlap,
Öküz deýin bolmaga,
Çişip durka, ýaryldy-da, öldi şonda Gurbaga.
Iwan KRYLOW.
Terjime eden Rehmet SEÝIDOW. Goşgular