Günorta çagy (Aw­çy­nyň he­ka­ýat­la­ryn­dan)

Günorta çagy (Aw­çy­nyň he­ka­ýat­la­ryn­dan)

Wah­tang ANAN­ÝAN,
er­me­ni ýa­zy­jy­sy

Yssy, onda-da tüp yssy. Iýul aýynyň Güneşi Ararat jülgesine ýalyn çabradýardy, daýhan birleşigiň üzüm salkymlaryny süýji şerbetden gandyrýardy. Araratyň gardan täç geýdirilen dek gaýaly daglarynyň belent başlarynyň owadan manzary peýda bolýardy. Men bu ýere entek daň saz bermänkä çykyp, daşlaryň aňyrsynda gizlenipdim. Bukulyp oturyşyma, darajyk derelerde mesgen tutunan geçileriň gündizki durmuşyny synlamakçydym.

Sagatlar geçip durdy, ýöne entek geçiler görnenokdy. Günortana çenli Güneş gyzylymtyl-goňur reňkli bu kert gaýany şeýlebir gyzdyrmaga ýetişipdi welin, epgekli howanyň tolkunlary aýyl-saýyl bolup göze ilip durdy. Depeleriň düýbi öňler çöllükdi, ýöne oňa sowet adamsynyň eli degensoň, Güne ýanan öňki düzlükleriň ýerini indi gaýtadan özleşdirilen meýdanlar we miweli baglar eýeläpdir. Olaryň joýalarynyň arasyndan bolsa aýna ýaly dury, sowuk suw akyp dur. Bu Araks derýasynyň suwy. Ony elektrosorujylar çykarýar we boz reňkli çal turbalar ony yzgara teşne bu topraklara getirýär.

Bu ýerden aşakda gaýnap duran durmuş pursatlaryna, daýhan birleşigiň bişen miweleriň agramyndan ýaňa egrelip duran baglaryna syn etmek ýakymlydy. O ýerde çeşmejikler şildiräp akýardy, baglarda işledilýän enjamlaryň şakyrdysy eşidilýärdi, adamlaryň sesi ýaňlanýardy. Bärde yns-jyns ýokdy, hemme janly-jandarlar sowuk, yzgarly gowaklara, gaýalardaky darajyk derelere, ýeriň aşagyna sümlüpdi, hatda ýylanlaram daşlaryň astyndaky topraga sümüpdi. Lälezarlykdan, suwdan mahrum bolan bu ýerlerde yssy hökümini, ine, şeýdip ýöredýärdi.

Diňe gaýanyň kertiginde doňup duran bürgüt meniň sümelgäme sessiz, gamgyn seredýärdi. Men bolsa ýabany unabi agajynyň aşagynda bukulyp durşuma oňa garap, öz ýanymdan pikir öwürýärdim: «Näme üçin bu guş daş-töweregindäkiler ýaly, Günüň ýakyp barýan şöhlesinden gizlenenokka? Näme üçin edil dykgatly sakçy deýin butnaman oturyşyna, maňa şeýle eserdeňlik bilen seredýärkä? Eger gorkýan bolsa, näme üçin uçmaýarka? Onuň ganaty bar-a! Ýa-da bu ýerden gidip bilmejek kimdir birini garawullaýarmyka?» Bu matalyň çözgüdini tapmak gerek. Men nazarymy bürgüdiň doňup duran gaýasyna bakan dikdim.

Ä-hä, hanha, ondan taýak ýetim uzakda bir deşikden guran çybygyň ujy çykyp dur. Töwerekdäki daşlaram perler bilen örtülen. Men sümelgämi taşlap, uly çykyda dyrmaşyp, seresaplylyk bilen ýokary süýşüp ugradym. Dem almak kynalypdy. Daş gyzgyndy, eliňi ýakyp barýardy. Boýnum öl-myžžyk bolupdy. Ýöne her näme bolanda-da, men ýokaryk galyp, o ýerde nähili çybygyň we ýelegiň bardygyny bilmelidim.

Kynlyk bilen ýokaryk, has ýokaryk galýardym. Ahyrsoňy gaýanyň çuňlugynda bir gujak guran şahany, onuň üstünde bolsa tagaşyksyz ullakan guşy gördüm. Onuň arkasy, döşi garady, guýrugy bolsa akdy. Guş gujurly ganatlaryny giňden açyp, olary edil ýelpewaç ýaly birsydyrgyn galgadýardy. Bu ýakyp-ýandyryp barýan Günüň astynda ol näme bilen meşgulka? Näme üçin golaýyndaky gowagyň kölegesinde gizlenmeýärkä? Näme üçin uçman, diňe ganatlaryny galgadýarka?

Seresaplylyk bilen göwrämi ýokary galdyrdym. Näme gördüň diýseňizläň?! Iki bala bürgüt çüňküni uzadyp, başlaryny ene bürgüdiň ganatlarynyň pelpellemesinden döreýän adaja şemala tutup keýp edýärdi. Ine, asyl näme üçin bu guş ýadaman-ýaltanman ganatlaryny galgadýan eken — ol öz bala bürgütlerini ýelpeýän eken…

GARLAWAÇLAR

Her baharda bize, ýagny Ermenistana günortadan garlawaçlar uçup gelýär. Obamyzda olar adatça öz höwürtgelerini awçy Agaronyň jaýynyň bassyrmasynyň astynda gurunýar.

Garlawaçlar bize bu ýylam geldi we goja awçynyň öýüni baharyň şadyýan demi bilen doldurdy. Olar şeýlekin zähmetsöýer we galjaň guşlar. Bir pursatlygam säginmän, höwürtgelerini gurmak üçin gaýmalaşyp ýörler. Ökde kerpiç örüjiler ýaly palçygy, gumy, şahajyklary üsti-üstüne goýýarlar.

Öý berk, rahat we owadan edilip gurulýar.

Ine-de, ol taýyn; özem ýumşajyk ýelek düşelen. Ene garlawaç ýumurtgalaryny goýuşdyrdy, soň olary basdy. Ata garlawaç oňa yhlas bilen kömekleşdi. Nähilidir bir tagamly lukma getirdi, nämedir bir zatlar hakda mähir bilen jürküldäp, soň ýene-de asmana bakan uçup gitdi. Ýumurtgalary käte ata garlawajyň özi basýardy-da, ene garlawajy birsellem ganatlaryny ýazmagy üçin ugradýardy.

Şeýdip bir-biri bilen gezekleşişine olar tizara etenejiklerini çykardy. Indi olaryň durmuşy tutuşlygyna etenejikler hakdaky aladalardan doludy. Alada kiçi-girim däldi. Hemme zatdan öňürti olary naharlamalydy. Etenejikler açdy, iýermenjedi. Onsoň olary terbiýelemelidi — arassaçylygy, tertip-düzgüni öwretmelidi. Garlawaçlar etenejiklerine höwürtgäni hapalamazlygy öwredýärdi.

Ine, ene garlawaç çüňkünde çirkeý getirdi-de, ony etenejikleriň hatap ýaly açylyp duran agzyna salyp, ýene-de uçup gitdi.

Men onuň uçup gelerine bilesigelijilik bilen garaşýardym: indi ol kimi naharlarka?

Bu gezek garlawaç gurçuk getiripdi, çirkeý iýen etenejik (ol ekabyrjady), nebsewürlik bilen agzyny açyp, gurçugy gapmakçy boldy, ýöne ol oňa ýetmedi, ýanyndaky doganjygyna ýa-da uýajygyna berildi. Indiki gezek garlawaç üçünji, soň dördünji etenejige iýmäge zat getirdi. Ol bir gezegem hasabynda ýalňyşmady, hiç kimiň göwnüne-de degmedi, özüniň enelik syzgyrlygy bilen lukmalary des-deň böldi.

Ene garlawajyň yzysüre ata garlawajam uçup geldi. Ol tomzajyk getirip, birinji etenejige berdi. Kimiň nobatydygyny, elbetde, oňa ene garlawaç düşündirendir.

Etenejikler galdawjady; oýnamaga, garagolluk etmäge meýillidi, islänini edýärdi, kä kellejiklerini, kä guýrujyklaryny höwürtgäň daşyna çykarýardy. Enesi ýa-da atasy çüňki mör-möjekli geleninde bolsa, olary garşylajak bolup, höwürtgeden gaçaýjak bolýardy.

Bu ýagdaý ene we ata guşy aşa biynjalyk edýärdi. Olar etenejikleri töre bakan çekýärdi, jürküldi bilen beýtmeli däldigini düşündirýärdi, höwürtgäni tertipleşdirýärdi. Men garlawajyň «uly ogluna», iň gorsaňjaňyna bakyp, gazap bilen jürküldänini gördüm.

…Ýöne etenejikleriniň janyny goramak üçin kökenek gerýän garlawaçlar meýdanlardaky we tokaýlardaky howplardan özlerini gorap bilmedi. Ata guşy gyrgy penjeledi, ene guş bolsa horan pişigimiziň lukmasy boldy.

Etenejikler ýetim galdy. Olar öz höwürtgelerinde aç galypdy we gözgyny jürküldeşýärdi.

Ýöne goňşy garlawaçlar özleriniň pida bolan ýoldaşlarynyň maşgalasyny kömeksiz goýmady. Olar üýtgeşik ýyly mähir bilen etenejiklere hossarlyk etmegi öz üstlerine aldy. Bir-birinden öňürdip, iýmit getirdi, ýiti-ýiti jürküldeşip, höwürtgeden asla aýrylmady diýen ýaly — megerem, olar şeýtmek bilen ýetim etenejikleri köşeşdirýändir.

Menem garlawaçlaryň ene-atasyny ýitiren etenejikler hakdaky aladalaryna başardygymdan kömek bermäge çalyşdym. Olaryň şeýle uly, haýyrly işine dahyllydygym baradaky pikirlere berlip, öz-özüme buýsandym.

Goňşy garlawaçlar ýetim etenejikleri özleriniňki bilen bilelikde naharlap terbiýeledi. Etenejiklere ýuwaşlyk bilen uçmagy öwretdi hem-de olary durmuşyň öňde duran ýeňil bolmadyk göreşine taýýarlady.

GARLAWAÇLAR WE ÇAÝÇAŇŇALAK

Ýerewanda Zangunyň çep kenarynda oba hojalyk sergisiniň pawilýonlary ýaýlyp ýatyrdy. Bu ýerde birentek garlawaç ýaşaýardy. Olar kiçiräk süri bolup gaýmalaşýardy, mör-möjek tutýardy, daş-töweregi özleriniň ýakymly jürküldileri bilen gaplap alýardy.

Düýn sergidekäk, gabat garşydaky kenardan äpet çaýçaňňalak duýdansyz uçup geldi-de, etenejikleriň birini penjeläp, asmana bakan göterildi.

Garlawaçlar birbada gorkudan ýaňa dumly-duşa pytrady, emma ýene dessine topbak bolup üýşdüler-de çaýçaňňalagyň yzyndan eňdiler. Gara hümer bolup, onuň daşyny galladylar.

Çaýçaňňalak agyr guş, haýal hereket edýär. Şonuň üçinem garlawaçlar ýyldyrym çaltlygynda onuň daşyna egele boldular. Uçup eýläk-beýläk geçdiler, özlerini bu ýyrtyjy guşuň üstüne zyňdylar, garlawaçlaryň sany gitdigiçe artýardy.

Garlawaçlar näzijek, ejizje guş. Olar süri bolup topulaýanlarynda-da, çaýçaňňalak ýaly güýçli ýyrtyja kär etjek urgy edip bilerlermikä?

Çaýçaňňalagyň birden aljyrandygy mesaňa bildirýärdi. Ol baga tarap uçup, agaçlarda bukuljak boldy, ýöne garlawaçlar ony yzyna gaýtmaga mejbur etdiler. Olaryň arasyndan sogrulyp çykmak üçin has ýokarrakdan uçjak boldy, ýöne garlawaçlar muňa-da maý bermedi…

Näme üçin äpet guş olara boýun bolýarka? Näme üçin garlawaçlaryň mejbur eden tarapyna uçup, olaryň islegine tabynka?

Çaýçaňňalak ahyrsoňy çydap bilmän, penjesindäki awuny aşak goýberdi. Garlawaç meniň golaýragyma gaçdy. Iki gezek dagy çüňküni giňden açyp jan berdi.

Ýöne bu ýagdaýam çaýçaňňalagy halas etmedi. Ölen guşjagazyň ýoldaşlary ýyrtyjy guş derýanyň üsti bilen uçup geçmekçi bolanda, yzyndan ýetip, gaýtaryp getirdiler. Şunlukda, güýç taýdan deň bolmadyk göreş gaýtadan başlandy. Çaýçaňňalak aýagy bilen gaty gorandy. Ol gujurly ganatlaryny ýaýyp, gyşyk çüňküni saga-sola uruberdi. Arkanlygyna uçuşyna, ýiti dyrnaklaryny öňe çykardy. Janly, galjaň garlawaçlar urgulardan ýeňillik bilen sowlup geçýärdi. Olaryň meýdanlardaky, baglardaky, obalardaky dostlary kömege howlugýardy. Munça köp garlawaç nireden peýda bolduka? Indi olar çaýçaňňalagy hümer bolup gallap alanokdylar-da, eýsem, ony syk ýumak kimin gurşapdylar, ýumagyň içinde nämeleriň bolup geçýändigini göz bilen görüp bolanokdy.

Ine, garlawaçlar dargady. Ýumak açyldy, çaýçaňňalak ganatlaryny ýazyp çaýkandy-da, edil heläkçilige uçran uçar ýaly yranyp, sergi meýdanyna, onuň derwezesiniň golaýragyna aşaklykgan gaýtdy.

Nämeler bolup geçdikä? Näme üçin garlawaçlar öz duşmanyny gününe goýdularka? Çaýçaňňalak ýerde mejalsyz ýatyrka, oňa näme üçin hüjüm etmeýärlerkä?

Çaýçaňňalagyň ýanyna geldim. Ol uçanokdy, ýerindenem gozgananokdy. Onuň bolşy geňdi. Guşuň üstüne eglip seredenimde bar zada düşündim — onuň üçin indi dünýä tüm garaňkydy: çünki garlawaçlar onuň gözüni çokup, hanasyndan çykaran ekenler…

ÇAÝÇAŇŇALAGYŇ HÖWÜRTGESI

O taýda tokaýyň gutarýan ýerinde, gök öwsüp duran dagyň eňňidinde göleler bakylýardy. Biz çopanjyklar bolsa üstünden asyr aşan meşe agaçlaryna dyrmaşyp çykardyk-da, höwürtgelerden ala-mula serçe ýumurtgalaryny ogurlardyk.

Tokaýda dumly-duşdan gargalaryň eýmenç gagyldysy we ganatlaryň pasyrdysy eşidilýärdi, ýöne kim oňa üns beripdir?!

Bir gezek tokaýda ýakynda pyntyklan bir ullakan meşe agajynda äpet höwürtge gördük, dessine garganyňky däldigine düşündik.

— Akop dyrmaş! — diýdim.

— Özüň dyrmaşaý! Näme üçin men dyrmaşmaly?

— Wiý, sen-ä gorkak ekeniň!

— Eger sen gorkak bolmasaň, onda nä dyrmaşaýaňok? O taýa senem baryp bilmersiň! Näletsiňen guşuň höwürtgesini goýan şahasyna bir sered-ä: meň barmagymdan-a ýogyn olar.

— Akmag-eý sen! — diýip, Akopy gižželedim. — Sen düşün-how, bu ýabany gazyň höwürtge-sä! Häzir ol ak ýumurtgadan doludyr, özem olaň her birisi seň kelläň ýalydyr. Pasha baýramçylygy ýetip gelýä. Gaýnadarys, reňkläris, togalarys, döweris… Hemmeleriň ýumurtgasyndan üýtgeşik bor, hatda Mehakyňkydanam!

— Eýsem, gaz ýumurtgasy şeýle gatymy? — diýip, Akop türkanalyk bilen sorady.

— Onda-da nähili gaty! Gurşundan guýlan ýaly! — diýip, özümden düzüşdirdim.

Akop ýeňsesini gaşap, agajyň çür başyna seretdi-de, ellerini tüýkülikläp, bar güýji bilen dyrmaşyp ugrady.

— Ýöne seret, öz paýyňdan birini maňa berersiň — diýip, ol eýýäm agajyň üstünde duran ýerinden gygyrdy.

— Sen ilki al, soň göräýeris…

Akop tokaýda önüp-ösen çagady. Ol agajyň depesine ýabany pişik deýin aňsatlyk bilen dyrmaşdy. Çep elindäki telpegini döşüne gysyp, sag elinem höwürtgä bakan uzatdy. Soňra höwürtgeden ullakan ak ýumurtgany çykaryp, ony dişi bilen kakyp gördi-de, begençli dillendi.

— Seň bilýäniňi hiç kimem bilýän däldir dost: ýumurtga dagy däl bi, goýnuň maňlaý süňküçe bar!.. Hany, indi öwünjeň Mehak bir gelsin bakaly, kimiň içi ýanarka!

Men agajyň aşagynda begenip aşyr atýardym.

Birdenkä dik depämden ganatlaryň pasyrdysy eşidildi. Başymy galdyryp seretsem, ullakan sarymtyl-goňur reňkli çaýçaňňalak bulutlaryň arasyndan agaja bakan okdurylyp gelýär. Ol bat bilen gelşine meň ýoldaşyma topuldy.

— Waý, eje jan! Ol meni häzir iýer!.. — diýip, Akop eli bilen guşdan goranyp durşuna gygyrdy.

Gazaba münen ýyrtyjy bolsa Akopyň gerdenine dyrnagyny sünjüp, egri çüňki bilen onuň ýalaňaç kellesine urýardy-da, hamala, «Edýäniň näme garagol?» diýýän ýalydy.

Akop şahadan ýapyşyp durşuna, üstüne geçigaplaň topulan maýmyn ýaly çirkin gygyrýardy. Men ony halas etjek bolup, guşa tagta böleklerini zyňýardym.

Çaňçaňňalak ganatlaryny ýaýyp uçdy-da, ýene derrew yzyna gelip, çüňki bilen Akopyň gerdenine kakdy. Akop derledi, ýöne ýumurtgadan doly telpegini sypdyrarly däldi. Bir eli bilen inçejik şahadan berk ýapyşypdy.

Şeýle bolansoň, çaýçaňňalak özüniň entek dünýä inmedik etenejiklerini halas etmek üçin garşydaşy bilen howply tutluşyga girdi. Ol ýene-de bulutlara sary uçup, ýokary göterildi. Hä diýmänem, ol daş ýaly bolup özüni aşak oklar…

Men Akopa gygyrdym:

— Çalt düş, çalt düş, Akop!.. Aglama, tentek!

— Ol ýene-de uçup gelse, ýumurtgalary nädeýin — diýip, Akop aglap durşuna sorady.

— Gaçmaz ýaly mäkäm tut, höwürtgede galanlaryna bolsa degme. Gorkma, düş! Men bar-a ýanyňda… — diýip, men oňa göwünlik berdim.

Öz ýanymdan bolsa: «Çaýçaňňalagyň ýumurtgasy oýun-oýunjak däl» diýip oýlandym. «Haýsy towuk onuň bilen deňleşip biler!..».

Akopyň telpegini gursagyna gysyp, şahalardan aslyşyp agaçdan düşüşine howatyrly seredip durun.

Akop entek agajyň ortarasyna ýetmänkä, üstümizden aýlaw edýän çaýçaňňalak top ýaly bolup aşak okdurylyp, şeýlebir güýçli urdy welin, Akopyň telpegindäki ýumurtgalar gaçdy-da, agaçlara degip, seçelenip gitdi. Ýere diňe ýumurtga gabyklary düşdi, yzysüre bolsa dostum goýun deriden tikilen telpegi bilen birlikde dikbaşaşak gaýtdy…

— Gorkma, Akop jan, gorkma men bar-a ýanyňda!.. — diýip, men başyma düşen towkudan ýaňa aljyraňňy gygyrýardym.

O nähili gorkmaly dälmişin?! Akop meşe agajynyň düýbünde özünden gidip ýatyrdy. Men käle bakan ylgadym. Akopyň telpegini suwdan dolduryp, onuň kellesine guýdum.

Akopyň gabaklary titräp, dodaklary sandyrady.

— Bu näme boldugy? Biz nirede? — diýip, ol samrady.

— Nirede bolsagam gorkma, men seniň ýanyňda, Akop jan…

Gürleýän, özümem gorkudan ýaňa durkum bilen saňňyldaýan.

Akop aşak gaçyp, şaha uruldy we kellesini ýaralady. Men küli alyp, ýara gowy edip sepişdirdim-de, ýarany telpegiň üstünden geýilýän serpinjek bilen berk daňdym.

***

Bu ýyl Akop Ýerewana maldarçylyk okuwyna geldi. Duşuşyk tolgundyryjy boldy.

— Salam, müň gezek salam!..

Ol özüniň ýaryk elleri bilen şäherde myssyjak bolup giden ellerimi gysdy.

— Aýtsana, çagalygymyzy ýatlaýaňmy, ýa şäherde bolup ýörşüňe barysyny unutdyňmy? — diýip, ol sorady.

— Onda-da nähili ýatlaýan!..

— Çaýçaňňalagyň höwürtgesi ýadyňdamy? — Ol muny çintgäp sorady-da, gülüp, telpegini kellesinden aýyrdy: — Seret, yzy henizem bar.

Onuň kellesindäki ýalpyldap duran gara saçlarynyň içinde uzyn ak ýaranyň yzy — kelesaň çagalygymyzyň yzlarynyň biri bardy…

MÄKIÝAN KEPDERI

Egnimde horjun, arkamda aw tüpeňi — ine, şeýdip bir gezek Bukowo tokaýymyzdan barýardym.

Bu ýerde ýabany kepderiler ýaşaýardy.

Olaryň birini tokaýa giräýemde gördüm. Kepderi agaç şahasynda oturyşyna maňa naýynjar seredýärdi.

Kepderi ullakanjady, gözüňi dokundyrýardy; ýelekleri peşşerip durşuna ganatlaryna we boýnunyň ala ýerlerine gögüş reňk çaýýardy.

Egnimdäki myltygymy alyp, ony nyşana aldym, ýöne mäkiýan kepderi hakyt agaja daňlan ýalydy… Ýogsam ýabany kepderi özüniň iň gorkunç duşmanyny — awçyny hiç haçan beýle ýakynyna golaýladanog-a! «Bu ýönelig-ä däl» diýip pikir etdim.

Ýaragymy aşak goýberip, has golaýladym. Kepderiniň duran şahasy — edil alkymymda. Oňa myltygymam degrip biljek. Ýöne kepderi sarsman dur, özem maňa gorky bilen seredýär.

«Bu ne beýle geň? Näme üçin ol uçanok, hemişeki gorkak guş näme üçin özüni goranok? Oňa näme bolduka?» diýip pikirlendim.

Onuň gursagynda ýelekleriň agyp-dönüp başlamagy, hüžžermegi, iki sany eýjejik etenejigiň kellesiniň görünmegi meniň sowallaryma nagt jogap boldy…

Meni nähilidir bir üýtgeşik, söz bilen düşündirip bolmajak mähir duýgusy gaplap aldy.

Men ýuwaşjadan o ýerden gaýtmaga howlukdym, çünki balalaryny janyndan eý görýän ene guşy ynjytmak islemedim…

BEDENE JÜÝJELERI

Tokaýa gitmekçi bolup, ata münenimde gyzjagazym menden:

— Kaka, maňa guşjagaz getirermiň? — diýip sorady.

— Getirerin, mähribanym. Eger tutup bilsem, hökman getirin — diýdim.

Tokaýdan barýarkam: «Guş höwürtgesini tapsam gowy bolardy, sebäbi gyzjagazyma guş çagasyny eltsem has begenerdi…» diýip pikir etdim.

Daşyny gyrymsy agaçlyk gurşap alan bir otluk ýere ýetdim. Munuň ýaly agaçlykda ownuk guşlar höwürtge edinegen bolýar. Göz aýlamak gerek.

Howlukmaga çemelenenimem şoldy welin, atymyň aýagynyň aşagyndan pasyrdap bir bedene uçdy-da, ýokary göterildi, ýöne uçup gidibermedi, aňyrrakdan aşak indi.

Atdan atylyp düşdüm-de, bir ädim ätdim. Soňam beýleki ädimimi ädip, mäkiýan bedenä elimi uzatdym. Ol ýene-de uçup, menden birki ädim aňyrraga gondy.

«Ganatyna şikes ýetiren bolmaly» diýip pikir etdim. «Tutaryn, gitmez…».

Guşjagazyň yzy bilen seresapja ugradym, ýöne ol per bererli däl, ýa uçup ýa-da oturyp, meni atymdan barha daşlaşdyryp barýar. Görýän welin, onuň ganatlary-ha abat. Uçuşyndan aňýan — guş sagdyn. Onda näme üçin ol uçanok? Meni yzy bilen nirä alyp barýarka?..

Şol wagtam atymyň howsalaly kişňänini eşitdim. Yzyma seretdim — ot çürtenok, dur. Kellesini silkeleýär. Ýerde bir zada gözi düşen bolmaly. Onuň ýanyna bardym. Arkamda jürküldi, ganatlaryň çybşyldysy eşidildi. Mäkiýan bedene pessaýja uçup, yzymdan ýetdi… Bar zada düşündim — bu ýerde onuň höwürtgesi, jüýjejikleri bardy.

Hakykatdanam, atyň tumşugynyň aşagynda, otuň üstünde, tokaý hozunyň ululygynda çalja, possujak bir zat gyrmyldaýardy. Gapdalda, çukurjykda bolsa garaharsaňyň we ýelegiň üstünde ýumurtga gabygy bardy. Megerem, häzir ýumurtgadan çykan bolmaly…

Egildim-de, on üç sany dynnym ýalyjak bedene jüýjejigini yzly-yzyna papagyma salyşdyrdym. «Hä diýmän, gyzjagazym begener» diýip, öz ýanymdanam monça boldum.

Ýöne ýene-de aýagymyň aşagynda ganatlaryň pasyrdysyny, zaryn we ýalbaryjy jürküldini eşitdim. Papagymdaky mymyjak şarjagazlar oňa çäresizlik bilen seslenýärdi…

Bedene jüýjejiklerini seresaplylyk bilen höwürtgesine goýup, ol ýerden gaýtmak bilen boldum.

Tokaýda tapan zadym hakynda agşam gyzjagazyma gürrüň berdim. Bedene jüýjejikleriniň näçe sanydygyny, olaryň nähili kiçijikdigini, mymykdygyny, näzijekdigini…

— Näme üçin olary maňa getirmediň, kaka? — diýip, ol igençli sorady. Onuň sesi agy gatyşyklydy.

— Getirjekdim, ýöne olaryň ejesi bar, şol rugsat bermedi — diýdim.

— Hawa… Eger guşjagazlary alan bolsaň, olaryň ejesi aglardy.

Gyzjagazym dessine köşeşdi. Onuň nemlenen gözjagazlary bolsa mähire pürepürlendi.

SERÇELER

Asmanda gök gümmürdäp, onuň eýmenç ýaňy Loriýsk jülgesine doldy.

Gadymy Garahaç dagy tisgindi.

Sahkawanyň daýhanlary gara bulut bilen örtülen asmana seredip, şadyýan seslendi. Ilkinji ýagyş, ilkinji ýaz ýagşy!..

Gümmürdi güýçlendi we sähel salymda Larwara tokaýy edil perdelenen ýaly boldy. Ýagyş edil bedreden guýulýan ýaly ýagýardy. Şeýlebir ýagýardy welin, hamala, hoşlaşyp barýan gyş bilen onuň ornuna gelýän ýazyň tutluşygy ýalydy.

Ýagyş diňende, Gün ýuwlup päklenen dünýä täzeden gülüp bakdy. Üsti tekiz Loriýsk belentliginde-de, Larwaranyň ýapgytlarynda-da garyň yzam galmandy.

Dagdan hoş owazly çeşmeler akyp gaýtdy, tokaýdaky çitçitiler güýzde düşelen ýapraklaryň aşagyndan uç çykardy.

Mallar daýhan birleşigiň mal kümesinden arassa howa çykdy. Sygyrlar böwrüni, arkasyny Güne tutup, onuň nuruna çoýundy. Göleler guýruklaryny galdyryp bökjekleşýärdi, garagol öküzçeler kä däbşenekleşýärdi, kä süsüşýärdi. Athanada toýnaklar kanagatsyz halda dükürdeşýärdi, atlar çirkin kişňeýärdi.

Sahkawan daýhan birleşiginiň maldarçylyk hojalygy iki çeşmäniň arasynda ýerleşýärdi. Ýaz suwy çeşmeleri doldurypdy, şonuň üçin indi olar bulanyp akýardy.

Men dagdan düşüp, Loriýskiň täsin tebigatynyň oýanyşyna hezil edip syn edýärdim.

Öňümde hojalygyň täze, ýagty mal kümeleriniň aňyrsynda daýhan birleşigiň bedeleriniň äpet küdeleri hellewleşip görünýärdi.

Topar başlyklary küdelerden bede alýardy. Eli ýekatarly garawul goja küdelere hüşgärlik bilen äňedip çykýardy-da, bedäni äkidýän işçiniň yzyndan gygyryp:

— Eý, ýigit, birje baldajygy ýitiräýseň, meň elimden sypmarsyň! — diýip bälçireýärdi.

Ol aşak eglip, otuň birgiden baldagyny ýerden galdyryp, topar ýolbaşçylaryna gygyrýardy:

— Biz dagda ýaşaýarys ahyryn! Ine, ertir ýene gar ýagar welin, şonda siz bedäni nireden aljak?..

— Bu biziň garawulymyz Anak awçy — diýip, daýhanlaryň biri maňa onuň adyny aýtdy.

Ýanyna bardym, salamlaşdym. Goja gaşlakdy we murtlakdy, ýaňaklary dolmuşdy, nuranady.

— Anak daýy, görýän welin, siz mallaryň iýmini gowy gorap saklaýaňyz, otuň ýekeje baldagynam ýitirmeýän ekeniňiz.

— Baý, gorarsyň-a! Sen guşlaň bedäni nädip ogurlaýşyna bir seret.

Hakykatdanam, serçeler topbak bolup uçup gelýärdi-de, bede daşaýardy.

— Näme bor öýdýäňiz? Köp daşarlarmy, näme? — diýip, men ýylgyrdym.

— O nähili «näme bor?». Bu ýerde müňlerçe guş bar — indi pikir edip gör! Ýazda öý gurunýarlar, höwürtgeleýärler. Üçegimiziň astynda müň höwürtge dagy bar — olara näçe bede gerekdigini hasapla-da göräý.

— Onda näme, seredip dursuňyz? — diýip, men degişdim. — Alagetdin ataýarlar.

Goja gür gaşlarynyň astyndan gytak seretdi-de, gaharly dymdy.

— Aslynda siz… — diýip, sözümi dowam etdirdim. — Adamlar birki sany ot baldagyny ýitirselerem gaharlanýaňyz-a, onda näme üçin serçelere daýhan birleşigiň zadyny ogurlamaga maý berýäňiz? Üstünden seçme ýagdyraýarlar.

— Goýaweri, goýaweri! Muňa elim barar öýdýäňmi?!

Men çynlakaý keşbe girdim.

— Näme üçin eliňiz barmaz?

— Guşlar — daýhan birleşigimiziň dostlary. Onsoň olary nädip ýok edip bor! Ine, iň bolmanda şu bedeler; serçeleriň muňa kän haýry degdi, gurçugyny, dürli tomzaklaryny aýyrdy. Olar baglarymyza we meýdanlarymyza nähili peýda getirdi! Indi olara el galdyrmalymy?..

Goja dymdy, soň ýene-de edil öz-özi bilen gürleşýän ýaly gepläp başlady:

— Ýok, Anak awçy beýle haýynlyk etmez. Goý, alsynlar, bu olaryň zähmet gününiň tölegi hasaplansyn. Goý, alsynlar, höwürtge gurunsynlar, köpelsinler… Olar biziň dostlarymyz…

Biz gürleşip durkak, serçeler bökjekleşip, bede daşamasyny dowam edýärdi.

— Olar ony nirä daşaýar? Meýdanamy, tokaýamy?

— Ýok, üçegiň astyndaky guratgyja.

— Näme, olar tokaýda höwürtgelemeýämi?

— Ýok, olaryň bary şu ýerde ýaşaýa. Erkin gezse, gör, olaryň nije ýagysy bardyr! Ol ýerde laçynlaram, çaýçaňňalaklaram, tilkilerem bar, bu görgülijikleriň höwürtgesini kim weýran edenok diýsene!.. Olaryň ýaragam, goranara hiç zadam ýok. Ine, olaryň bar ynamy adamlarda. Ýör, men saňa olaryň höwürtgelerini görkezeýin.

Goja meni kümä getirdi. Küme bedä golaýdy.

Serçeleriň köpüsi çüňki baldakly uçup kümä gelýärdi-de, ýüküni üçegiň aşagynda haýsam bolsa bir ýerde goýup, yzyna — bedä bakan howlugýardy.

Bu güneşli gün neneňsi gaýnap duran gün, ýetip gelen ýazyň güni!

— Hol, serçä seret! — diýip, goja barmagyny çommaltdy. — Onuň oýunjyklaryna bir seret.

Men başymy galdyrdym.

Üçegiň astyndaky pürsde serçe otyr, ol bize seredýärdi. Onuň çüňkünde bede çöpjagazlary bardy. Golaýdaky eşegarka germew agajynda yşgalaň görünýärdi — megerem, o taýda guşjagazyň höwürtgesi bar bolmaly.

— Hawa, guşuň oturanyny görýän. Näme boldy? — diýdim.

— Gowuja seret… yzyna seret — diýip, goja pyşyrdap jogap berdi.

Uzak wagtlap gymyldaman, serçä seredip durduk. Geň zat — çüňkündäki baldagy bilen otyr; penjejiklerini çalşyrýar we bizden gözüni aýranok. Näme üçin ol bedesini höwürtgesine äkidenokka? Nämä garaşýarka?..

Serçe aşa aladaly görünýär. Bu kiçijik jandar üçin wagt şeýle gymmatly bolmaly. Howlugýar. Mümkin, ol ýene özüniň «gurluşyk serişdesini» almak üçin ugramakçydyr. Onda näme ol beýdip, ençe wagtlap ýaýdanyp durka?

Goja:

— Giderimize garaşýa — diýdi. — Ýöne biz ýene biraz synlaly, göreli, ýene nämeler toslar.

Gymmatly wagtyny biderek sarp eden serçe biziň ugranymyzy görüp (geljekki maşgala üçin tizden-tiz öý gurunmak we ýumurtgalap başlamak gerekdi), baldajygy pürsde goýdy-da, bassyrmadan uçdy.

Men ol ýerden gaýdarman boldum, ýöne goja ýeňimden çekdi:

— Garaş, näme bor, göreris…

Garry entek aýdyp tüketmänkä tanyş serçe ýene-de uçup geldi-de, pürsde oturdy. Biziň henizem gitmedigimizi görüp, özüniň nobatdaky «pürsjagazyny» ilkinjisiniň ýanynda goýdy-da, ýene getirmek üçin uçdy.

Indi ol dynuwsyz uçýardy, ähtimal, bize garaşmagyň netijesizdigini bilendir, wagt gymmatlydy. Ol baldajyklary getirýärdi, hatarlap, üýşürip goýuşdyrýardy we täzesini getirmäge howlugýardy.

Şonda goja şeýle diýdi:

— Hany, indi gizleneli.

Kümeden çykyp, derwezäniň aňyrsynda gizlenip durşumyza yşgalaňa seredip başladyk.

Serçe uçup geldi-de, töweregine garanjaklady. Ýat adamyň ýokdugyny görübem, pürsde goýlan ot baldajyklaryny gyssagly ýagdaýda üstli-üstüne goýdy. Guşjagaz ýadawsyz işledi, ýöne arasynda howsalaly säginip, kellesini çar tarapa aýlaýardy.

Ahyrynda höwürtgesine hemme «pürsjagazlaryny» ýygnan serçe dem salym diýen ýaly oturdy, özüni dürsedi, gaýtadan saga-sola, aşaga seretdi — «Hiç kim görmedimikä beri?».

Ol ýene-de uçup gitdi. Goja awçy muňa bir ýylgyrdy, onuň ýüzündäki ýygyrtlar ýazylyp gitdi.

— Düşündiňmi? — diýip, ol sorady. — Bu enaýyja ýaradylan janyň öz syry bar: ýat kişiniň höwürtgesini görerini islänok. Ýogsa entek maşgala-da bolanok, ýöne eýýäm geljekki çagajyklarynyň aladasyny edýär, olaryň ömrüni goramak üçin azap çekýär… Sen bolsaň olary ýokla diýýäň! Onsoň men nädip ony ýoklaýyn?..

Goja gür gaşlarynyň astyndan maňa ýüzlenýän äheňde äňetdi. Onuň ýel çalan ýüzünde we asuda gözlerinde mähir duýulýardy.

TOMUS GIJESI

Tomsuň başynda gijeler şeýlebir maýyldy welin, men howluda, ullakan armyt agajynyň astynda ýatýardym. Bu agaçda serçe maşgalasy ýaşaýardy. Etenejikleriň enesiniň ýa-da atasynyň sesini eşidip, höwürtgeden kellelerini çykaryşyna, jürk-jürk edip agzyny öweldip, beriljek zada garaşyşlaryna syn etmek diýseň hezildi…

Ýyl gowy gelipdi, asudady, gaýly-tupanly däldi. Iým kändi, ata we ene serçeler maşgalasynyň bagtyýarlygyndan lezzet alýardy.

Muňa garamazdan, bir sapar ullakan betbagtçylyk boldy.

Agşamyň öňýany gaý turdy. Obamyzyň üstünden harasat geçip gitdi; birnäçe agaçlary köki bilen sogurdy, öýleriň biriniň demir üçegini gopardy. Howlymyzdaky armyt agajy ýeliň güýçli urgusyna başyny aşak egip iňňildedi. Serçeler höwürtgeli şahaň yrgyldaýşyna gorkuly seredýärdi. Onda etenejikler bialaç jürküldeşýärdi.

Harasat gowşanda serçeleriň höwürtgesiniň öte gyşaranyny gördüm. Indi etenejikleriň ondan aňsatlyk bilen gaçmagy mümkindi.

Ene serçe şaha gondy-da, olary çüňki bilen höwürtgäniň törüne çekjek boldy. Ata serçe-de kömege geldi. Olar ikileşip çüňkleri bilen höwürtgäniň gyrasyndan tutup, ony ýokary galdyrjak we göneltjek boldy. Ýöne muňa gapdaldaky şaha päsgel berýärdi. Serçeleriň oňa güýji ýetenokdy.

Men öýden özümiň ýasyja tagtadan ýasan höwürtgämi getirip, ony berkitmek we etenejikleri oňa salmak üçin agaja dyrmaşdym. Ýöne serçeler meni görüp, maşgalasyna howp abanýandyr öýdüp çirkin jürküldeşdiler. Aljyrap agaçdan düşdüm-de, tahtanyň ( Tahta — arkasy bolmadyk, pessejik, giň diwan.) üstüne geçip ýatyberdim. Indi nämeleriň boljakdygyna, bu kiçijik ýaradylanlaryň etenejiklerini halas etmegiň neneňsi tärini tapjakdyklaryna garaşýardym.

Oba asuda agşam aralaşdy. Daglaryň aňyrsyndan dolan Aý jyklady. Guşlaryň ählisi enaýyja jürküldeşip uka gitdi. Diňe armyt agajynyň ýaşaýjylary ýatanokdy. Olar henizem şahadaky höwürtgesini çüňki bilen galdyryp, gaçyrmajak bolýardy.

Şol synlap oturyşyma-da, ýadap ymyzganypdyryn, ýöne serçeleriň turzan gopguny meni mejbury oýardy. Ýüzüme bir ýumşajyk, ýyljajyk zat degýärdi, ol ýassygymda urunýardy.

Alasarmyk bolup, düşegimden laňňa galdym. Seretsem, bir etenejik örtgimiň üstüne düşüpdir. Ene we ata serçe elewreşip üstümde pelpelleýär.

Men agaja ýasy tagtajykdan ýasan höwürtgämi berkitdim-de, oňa gaçan etenejigi saldym. Etenejigiň ene-atasy ilkibada çasly jürküldeşdi, ýöne balajyklarynyň howpsuz ýagdaýdadygyny görüp, ýene köşeşdi. Soňra olar beýlekilerini goramak üçin höwürtgesine howlukdy.

Bu gezek men, hakykatdanam, uklapdyryn. Düýşümde san-sajaksyz serçeler edil alnymdaky armyt agajynda ýygnananmyş we aýylganç goh turuzýarmyş. Men oýandym. Daň saz berip başlan eken. Görüp otursam, hakykatdanam, howlymyzda serçeler topar bolup üýşüp, nämedir bir zada çynlakaý gümrady.

Serçeleriň daňyň ümüş-tamyşlygynda höwürtgesi berbat bolan goňşularyna höwürtge gurýandyklaryny gördüm. Guşlaryň bir topary üçegimizde küdelenip goýlan bededen baldak getirýärdi, beýlekileri inçejik şahalary, ýumşajyk tüýleri we ýüň bölejiklerini çöpleýärdi. Gurujy serçeler höwürtge gurdy, ene we ata serçe bolsa şahada oturyşyna gaçjak bolup duran höwürtgäni tutuş göwresi bilen daýanyp saklaýardy.

Ýüregim ynjaldy-da, ýene irkildim.

Şapak wagty oýananymda, serçeleriň ýowary tamamlanypdy. Täze höwürtge eýýäm gapdaldaky birneme pesräk şahada şemaldan goralar ýaly edilip gurlupdyr.

Gurýan serçe höwürtgäniň içine soňky ýüňjagazlary we sütükleri goýansoň, üýtgeşik jürküldäp, köne höwürtgä uçup geldi. Şonda ene we ata serçe etenejikleriň biriniň ganatyndan çüňki bilen tutup aldy-da, ony täze höwürtgä ýerleşdirdi. Gurujy serçeler olaryň yzy bilen uçdy.

Serçeler şeýdip etenejikleriň hemmesini, meň ýasan höwürtgämdäki iň soňkusyny hem täze öýe saldylar.

Göçüşlik gutaranda atadyr ene serçe özleriniň ýardamçy goňşularyna nämedir bir zatlar jürküldedi we çüňklerini biri-biriniňkä degirdi: şeýdip minnetdarlyk bildirdiler, olaram öz nobatynda goňşularyny täze öýe göçmegi bilen gutladylar hemem ähli gowy zatlary arzuwlap, öýlerine dolandylar. Men ýakymly duýgulara gaplanyp, ýene-de ymyzganypdyryn. Halas edilen serçejikleriň bagtyýar we parahat jürküldileri uzak wagtlap ýaňlandy durdy…

YNANJAŇ GUŞ

Gysgajyk ýol — insizje dag ýodasy bilen Kajaran obasyna barýardym. Ýerli mugallymlaryň biri maňa ýolbelet boldy. Dagyň eňňidinden ýodajyga bakan ýaýlyp ýatan selçeň dub agaçly tokaýjykda käkilikler saýraýardy. Men bulara seredip haýran galdym — käkilikler agaçlaryň şahasynda otyrdy. Bu ne düşnüksiz ýagdaý? Käkilikleriň şahada oturyşlary nirede görlen zat!

— Bizde — diýip, mugallym ýylgyrdy. — Öň olar ýokarrakda — daşly derelerde ýaşaýardy: özüňiz bilýäňiz, käkilikler daşly ýerleri saýlagyç bolýa. Ýöne… tokaý ýylyrak, iým kän, biziň käkiliklerimiz gyşda tokaýa gelýär. Olar, ine, şeýdip ýaşaýarlar — gyşda tokaýda, tomsuna — ýaýlalarda, gaýalarda.

— Siz bu zatlary nireden bilýäňiz? Eýsem, siz nä awçymy? — diýip, mugallymdan soradym.

— Ýok, men awçy däl, ýöne ýaşaýan tebigatymy gowy görýän hemem ony öwrenýän. Kän synlaýan…

Tokaýdaky käkilikler birdenkä saýraşmasyny goýdular, aljyradylar, agaçdan aşak inip, güýzde gurap galan otlara bukuldylar — tokaýyň ýokarsynda çaýçaňňalak pelpelleýärdi.

Ýaranlarynyň yzyna eýermedik guşlaryň biri howsala düşdi-de, garaşylmadyk ýagdaýda ýanymdakynyň egnine gondy.

Biz saklandyk. Mugallym öz myhmanyny gorkuzmazlyk üçin, hatda dem almasynam goýdy. Käkilik bolsa gysmyljyrap, howp sowulýança onuň egninde gymyldaman oturdy. Çaýçaňňalak göz aýtymyndan ýitensoň, ol tokaýa bakan uçup, onuň jümmüşinde gözden ýitdi.

Biz mugallym bilen birek-birege seredişip ýylgyryşdyk. Bu ejizje guş kyn pursatda adama bil baglady… Adam, adam bolsa… guşuň ynanjyna hyýanat etmez-ä?..

Rusçasyndan terjime eden Dursun TEKÄÝEWA
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle