|

Gündogaryñ beýik şahyry

Gündogaryñ beýik şahyry

GÜNDOGARYÑ BEÝIK ŞAHYRY

Epi­ki poe­ma “Şa­na­ma­nyň” aw­to­ry Abul­ka­sym Man­sur Hasan Fir­döw­si bi­ziň se­bit­le­ri­miz­de uly meş­hur­ly­ga eýedir. Fir­döw­si tak­my­nan, 933-nji ýyl­da Ho­ra­sa­nyň gadymy şä­he­ri Tus­da daý­han maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär. Onuň ça­ga­lyk we ýet­gin­jek­lik ýyl­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat ýok di­ýen ýa­ly­dyr. Ol öz döw­rüniň go­wy bi­li­mi­ni alyp, şol döw­rüň ede­bi dil­le­ri – pars­ça we arap­ça su­wa­ra gür­läp başa­ryp­dyr. Fir­döw­si yl­ma aý­ra­tyn hor­mat go­ýup­dyr. Oňa dö­wür­deş­le­ri çuň­ňur we giň bi­li­mi üçin, “hä­kim” ýag­ny akyl­dar ta­hal­lu­sy­ny be­rip­dir­ler.

Fir­döw­si uzak wagt­lap Gaz­na­da ýa­şap, Sol­tan Mah­myt Gaz­na­wy­nyň hyz­ma­tyn­da bol­ýar. Ol “Şa­na­ma­ny” hem oňa ba­gyş­lap ýaz­ýar. Onuň mes­ne­wi ga­ly­byn­da­ky “Şa­na­ma” epo­sy möç­be­ri bo­ýun­ça ju­da uly eser­dir. Dür­li hasaplama­la­ra gö­rä, Fer­döw­si bu gah­ry­man­çy­lyk­ly ese­ri­ni ýazma­ga öm­rü­niň 35 ýy­ly­ny sarp edip­dir. “Şa­na­ma” giň we sal­dam­ly ta­ry­hy eser bo­lup, adam­zat jem­gy­ýe­ti döränden soň il­kin­ji pa­ty­şa Keýumersiň pa­ty­şa­lyk eden döw­ri ba­ra­da­ky kys­sa bi­len baş­lan­ýar. Uly göw­rüm­li eseriň gah­ry­man­çy­lyk­ly bölüminde päl­wan Za­lyň we onuň og­ly Rüs­te­miň gahryman­çy­ly­gy hem-de ola­ryň deň­siz-taý­syz güýç­le­ri ba­ra­da söh­bet edil­ýär. Sy­ýa­wuş hakyndaky he­ka­ýa­da bolsa, Wa­tan go­ra­gy dabaralandyryl­ýar.

Şol za­ma­nyň şahyr­la­ry­nyň mil­li dü­şün­je­le­ri­niň ös­me­gi bilen öz ta­ry­hy geçmi­şi­ne gy­zyk­lan­ma­gy, ola­ra tä­ze­çe çeme­leş­mä­ge bolan is­le­gi bar­ha art­ýar. Şeý­le­lik­de, ta­ry­hy ro­wa­ýat­la­ryň do­ly ýy­gyn­dy­sy­ny taý­ýar­la­mak üçin bir­nä­çe sy­na­ny­şyk­lar edil­ýär, ýö­ne has uly tu­tan­ýer­li­li­gi ta­lap edýän bu işiň hötde­sin­den di­ňe Abul­ka­sym Fir­döw­si gelýär. Ol Eý­ra­nyň ta­ry­hy ro­wa­ýat­la­ry­ny do­lu­ly­gy­na şy­gyr gör­nü­şin­de be­ýan et­me­li di­ýen ne­ti­jä gel­ýär. “Şa­na­ma” 60 müň beýt­den ybarat bo­lup, Eý­ra­nyň 53 hö­küm­da­ry­nyň paty­şa­lyk eden döw­rü­ni öz içi­ne al­ýar. Fir­döw­si­niň özi poe­ma­sy­nyň di­ňe şa­lyk­lar ba­ra­da­dy­gy­ny öňe sür­se-de, ede­bi­ýat­çy­lar awtoryň ula­nan çeş­me­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, ony üç sa­ny uly ug­ra – mi­fo­lo­gik, ro­wa­ýa­ty we ta­ry­hy şa­ha­la­ra böl­ýär­ler. Fir­döw­si res­mi sa­sa­nid ta­ry­hy çeş­me­le­ri­ne salgy­la­nyp, pa­ty­şa­ly­gy Peş­da­diler, Ke­ýa­ni­ler, Eş­ka­ni­ler, Sasani­ler ýa­ly 4 ha­nedan­ly­ga bölýär. “Şa­na­ma­da” sö­züň ha­ky­ky manysyn­da­ky ju­da tä­sin hy­ýa­ly dün­ýä bar. “Şanama” durşu­na gün­do­gar ro­waýaty. Hut şo­nuň üçinem ol gy­zyk­ly, göwünle­re ga­nat ber­ýän ajaýyp eser­dir.

Be­ýik şa­hyr 1020-nji ýyl­da ara­dan çyk­ýar. Şa­hy­ryň mazary­na 1935-nji ýyl­da dog­lan gü­nü­niň 1000 ýyl­ly­gy mynasy­bet­li ka­şaň aram­gäh gu­rul­ýar.

■ Şahyryň aramgähi abatlanylýar

Eýran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ha­ba­rla­ry­na gö­rä, hä­zir­ki wagt­da Fir­döw­si­niň aram­gä­hi­ni abat­la­mak mak­sa­dy bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Me­de­ni mi­ras, se­net­çi­lik we sy­ýa­hat­çy­lyk gu­ra­ma­sy tarapyn­dan Ma­şa­dyň go­la­ýyn­da­ky Tus şä­he­ri­niň me­de­ni miras top­lu­myn­da iri tas­la­ma ama­la aşy­ryl­ýar. Bu taslama Tus şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Abul­ka­sym Man­sur Hasan Fir­döw­si­niň aram­gä­hi­ni we onuň ýa­na­şyk ýe­rin­dä­ki 6 gek­tar­dan yba­rat me­de­ni mi­ras top­lu­my­ny öz içi­ne alyp, ýa­kyn gün­ler­de ulan­ma­ga ber­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Aý­na ÝOLAMANOWA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky TDU-nyň ta­ly­by.

Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle