Gündogar şahyry
Gündogar şahyry

Şahyryň gadyryn bilýär musulman,
Gündogar şahyryň gadyryn bilýär.
Seždegäh edinip şahyr guburyn
Mukaddes mazary arzylap gelýär.
Şahyr — Gündogarda — ruhuň pitnesi,
Şahyr — Gündogarda — Allaň hikmeti.
Ýöne ýere däldir gan içen şalaň
Gelip-gelip bir şahyra bitmesi.
Gündogarda şahyr şygry
pentdir pent,
Doga barabardyr —
sözüň hümmeti.
Dünýäni mergi deý gyran Teýmir leňk
Ýasawa gurdurýar köşk deý kümmeti!
Tersa Nesiminiň hamyn sypyryp,
Dirikä çekdirip gabyr azabyn,
Nije asyr bäri külli musulman
Togap edip gelýär onuň mazaryn.
Nobatguly, üýtget, efrenji ugruň,
Buýsan, aklyň ýetmejek bu halkyňa,
Ürgençde Nejmetdin Kubraň guburyn
Deňläpdirler ol
hut Mekgäniň hajyna.
Gündogar şahyryň gadyryn bilýär,
Bilýär ol şygyryň sarpasyn saklap.
Bak, Nazymy dara çekjek general
Aglap ýatyr guburyny gujaklap.
Ýatyr Mäne baba kümmet astynda,
Ýatyr Sagdy,
Haýýam,
Rumy,
Jamy-da.
Köşkden zyýat ol türbetler aslynda
Nesip etmez dünýäň her bir şasyna.
Azan bilner,
Aýat bilner,
Em bilner,
Pyragynyň gelýän sesi Çendirden.
Gündogarda hakdan içen şahyrlar
Pygamber ýok çagty —
pygamberdirler! Goşgular