Gündogar gyzy
Gündogar gyzy
Gündogar gyzy men, men gündogarly,
Günüñ aşagynda meniñ mesgenim.
Sährañ tämiz säherlerne meñzeşdir
Ganymdaky namys bilen messebim.
Gündogaryñ mahmal gijelerine,
Yhlas bilen saçlarymy boýadym.
Elwan ketenime keşde deregne
Sähra gülüm nusga edip gaýadym.
Içdim gana ylmyñ abyköwserin
Watan maña berdi ähli baýlygyn
Dostluk-doganlygyñ, mukaddesligiñ
Kalbyma bagş etdi beýik şalygyn.
Ynjamadym Watan sallançagynda,
Güllerne siñipdir onuñ manysy.
Çogly güneşinde garaldy keşbim,
Ýüregme çaýyldy sähranyñ ysy.
Gündogar gyzy men, gündogarly men,
Hazynaly sähra bolar mesgenim.
Al öýmämi pasyrdadyp şemala
Munda şineledi arzuw-islegim.
* * *
Şapaklar apalap-apalap güni
Emaý bilen ukusyndan oýarar.
Alyslara uzap giden gözýetim,
Guşlary, otlary bilen oýanar.
Soñra ýagyşlaryñ garyñ neminden,
Sähranyñ süññünden
Dömen maýsalar
Durmuş hakda aýdym aýdyp ygşyldar
Eger onuñ owazyny duýsalar.
Hiç kes bu toprakdan aýrylşyp bilmez,
Müdümilik oña bagry badaşan.
Maksadyny şu asmanyñ astyndan
Tapar bir gün
Hyýal ýaly azaşan.
Ýöne güýzde
Baglañ görki-görmegi
Ýapraklar saralyp ömri paýawlar,
Bir günem gözüñden gaýyp bolarlar,
Ýaşyl maýsalaryñ üsti gyrawlar.
Şonda ýük ýazdyrsa ömür kerwenim
Beýik barlyk gulak salsa haýyşa.
Dolanyp gelerin eziz mekana,
Keşbimi öwürip tylla kuýaşa.
Miwe TUWAKBAÝEWA. Goşgular