| |

Gündeligimde galanlar -2: Nohur halk döredijiliginden nusgalar

Gündeligimde galanlar -2: Nohur halk döredijiliginden nusgalar NOHUR HALK DÖREDIJILIGINDEN NUSGALAR

1. 1966-njy ýylda men Sumbar jülgesinde ýerleşýän Könekesir obasyndaky orta mekdebi tamamlap, Maksim Gorkiý adyndaky (häzirki Magtymguly) türkmen döwlet uniwersitetine OKUWA GIRDIM. ONY 1971-NJI ÝYLDA TAMAMLADYM. okan döwrüm nohur halk döredijiligi bilen gyzyklanyp, her kanikulda oba baranymda ýaşulular bilen söhbetdeş bolýardym. Toplanlarymyň içinden nusgalyk diýip şulary hödürleýärin:

• «BALAM SENI BIR ALLAÝA TABŞYRDYM…»

Köçeden geçende köçäniň güli,
Oglanlar içiniň güli, bilbili.
Bar oglanlardan şirindir dili,
Balam seni bir Allaýa tabşyrdym.

Aýagynda bardyr gara ädigi.
Dilindedir tamdyrasy, tüýdügi,
Gana dönsün duşmanlaryň baýdagy,
Balam seni bir Allaýa tabşyrdym.

Moskwa gideý diýsem, ýoly daş,
Özüme tapmadym dogan-garyndaş.
Gidip görsem uzyn boýly, galam gaş,
Balam seni bir Allaýa tabşyrdym.

Urşuň ýollary ýolmuş ýolakmyş,
Üstümizde duran çarhy-pelekmiş.
Allaýar jan enesine gerekmiş,
Balam seni bir Allaýa tabşyrdym.

Köçeden geçeňde boýnuňy burma,
Egniňde daraýy, ýakaňda düwme.
Dostuň köpdür, duşmanyňy güldürme,
Balam seni bir Allaýa tabşyrdym.

Goşgyny Könekesir obasynda ýaşaýan enem Nowbahar Aşyr gyzynyň dilinden 1971-nji ýylyň 15-nji martynda ýazyp alypdyryn.
Enemiň 1943-nji ýylyň fewralynda 17 ýaşap-ýaşamanka fronta ugradan ogly Allaýary ýatlap, bu goşgyny döredipdir. Urşa gidende, ol obadaky mekdepde mugallymçylyk edýär eken. Ol frontdan dolanmady. Söweş meýdanynda galdy. Onuň jaýlanan, wepat bolan ýeri Balkan oblastyna bagyşlanan «Hatyra» atly kitabynda bar. Enem Nowbahar 1979-njy ýylyň 27-nji iýunynda 72 ýaşynda ýogaldy. Ol Goçmyrat ahunyň uly gardaşy Molla Ysmaýyl ahynyň agtygydy.

• «AÝRYLANAM GOWUŞARMY, HUDAÝYM?»…

Daglaryň ýüzüni bulut alypdyr,
Meniň balam gam-gussaýa galypdyr,
Idäýin diýsem, ýat obada galypdyr,
Aýrylanam gowuşarmy, hudaýym?

Iki çaga sebäp boldy janyma.
Garyndaş-doganlar gelmez ýanyma,
Zalymlar men suwsamyşdyr ganyma,
Aýrylanam gowuşarmy, hudaýym?

Kowalaý-kowalaý beke saldylar,
Bek derede meniň janym aldylar.
…………………………………………..
Aýrylanam gowuşarmy, hudaýym?

Işigňizde erik bolup güllesem,
Pudagynda bilbil bolup saýrasam.
Gotazly saçyňdan hünär oýnasam,
Aýrylanam gowuşarmy, hudaýym?

Daglaryň başynda läleler biter,
Açylar üsfändiň dänesi ýiter.
Baladan aýrylmak ölümden beter,
Aýrylanam gowuşarmy, hudaýym?

Eý, agalar çärhim särim almeýdi,
Azalym duşman meni şu ýerde goýmeýdi.
……………………………………………………….
Aýrylanam gowuşarmy, hudaýym?

Goşa-goşa armytlaryň galandyr,
Hajy, senden meniň göwnüm galandyr.
Gyzlarbegi ýat obada galandyr,
Aýrylanam gowuşarmy, hudaýym?

1968-nji ýylyň 11-nji awgust güni Çukurýurt obaly Gurban aga Körogly bilen söhbetdeş bolupdyryn. Gurban aga fronta gatnaşan. Şol söhbetdeşlikde men öz obadaşym ady şu jelegaýlarda meşhur Artyk bagşy hakda gyzyklandym. Gurban aga maňa ol hakda ine, şu zatlary gürrüň berdi:
Artyk bagşy Annajanow takmynan 1902–03-nji ýyllarda dünýä inipdir. Hojagalaly Gurban Ogşugyň toýunda Kel bagşynyň ogly Gurbanmyrat bagşy (ýalňyşmasam, Gurbanmyrat bagşy obadaşymyz Näzik ejäniň, ol Meret mollanyň uly ogly Ata Merediň aýalydy – A.Ç.) bilen giç agşamdan tä daň atýança aýdym aýdypdyrlar. Artyk bagşynyň halypasy Dostaly bagşy. Halypanyň elinde ol bir aý şägirtlik edipdir. Dostaly bagşy hem Annahan bagşynyň dogany bolmaly (Annahan bagşynyň ogly general-maýor Bagşy Ataýew. Bagşy Ataýewiň gyzlarynyň biri hudožnik – Maral Ataýewa – A.Ç.). bular biziň goňşy obamyz Daýnadan. Nury Halmämmet hem Daýnada doglan.
1927–28-nji ýyllar bolmagy-da ahmal. Artyk bagşy Çukurýurtda änewli Hojanazar bagşy bilen ýaryşypdyr. Hojanazar ýaşuly adam eken. Artyk bagşy bolsa ýaş ýigit. Urşa gitmänke ol Aşyr ýetim Rejebiň toýunda iki gije-gündiz aýdym aýdypdyr. Muhat Nurmämmediň toýunda Gurbanmyrat bagşy bilen aýdym aýdyşlary Gurban aganyň ýadynda. Artyk bagşy kolhoz gurulýança obada daýhançylyk edipdir. Kolhoz gurlandan soň hem, ilkinjileriň biri bolup kolhoza giripdir.
1942-nji ýylyň sentýabrynda fronta çagyrylypdyr. 1943-nji ýylyň ýanwarynda ýigrimi günlük rugsada gelipdir. Komandirleriniň buýrugy boýunça dutaryny ýanyna alyp gidipdir. Ilki ol Krasnowodskiden Kerkiniň türkmen polkuna iberilýär. Şondan hem fronta ugrapdyr. Onuň frontdan «öldi» habary gelmändir. Dereksiz ýiten bolmaly.
Fronta gitmezinden öň ol gökleň tüýdükçisi Aýdogdy Arna bilen, Arkaçdan ýanama bagşy Meret kör hemişe aragatnaşykda eken.
1930–1932-nji ýyllarda Artyk bagşy bilen Gurbanmyrat bagşy ikisini hem Aşgabada, radiokomitete işe çagyrypdyrlar. Emma yzlarynda hojalygy ýöreder ýaly özlerinden başga adam bolmansoň, gidip bilmeýärler.
Artyk bagşynyň çagalykdan dutara höwesi uly bolupdyr. Gurbanmyrat bilen dost bolansoň, häli-şindi olaryň öýlerine barýan eken. Şonda Kel bagşy oglanlaryň dutara höweslidiklerine göz ýetirip, olara dutar çalmagy öwredipdir.
Artyk bagşynyň aýdan aýdymlaryndan «Ýar onda galdy», «Saňa tab¬şyrdym», «Hatyrjem bol», «Balsaýat», «Ýaşylbaş», «Ýar gyrmyzy geýinipdir», «Gözlüniň», «Düşmüş» ýaly aýdymlary Gurban aga ýat¬lady.
«Artyk bagşynyň öz söýgülisine bagyşlap ýazan goşgusy» diýip, ýaşuly, ine, goşgyny hem ýatdan aýdyp berdi. Artyk bagşy muny heňe salyp aýdan bolmagam ähtimal.

• NEÝLÄÝIN

Köçeden geçende öwrülip bakdy,
Şol ýaryň bakyşy bagrymy ýakdy.
Daglardaky duman men çeken ahdy,
Ýarym senden aýra düşdüm, neýläýin.

Boýlary pesdedir, gaşlary gara,
Rakybyň elinden ýüregim ýara.
Bir desse gül baglap, ibersem ýara
Ýarym senden aýra düşdüm, neýläýin.

Ýüzleri meňzeýdi Maşat naryna,
Alkymy meňzeýdir dagyň garyna.
Ýarymy bermezdim dünýä malyna,
Ýarym senden aýra düşdüm, neýläýin.

Ýarym bu gün bardyr mende üç nyşan,
Ýardan aýrylalym halym perişan.
Dadyma ýetişsin dostum Ak işan,
Ýarym senden aýra düşdüm, neýläýin.

Gurban agadan ýene bir goşgyny ýazyp aldym. Onuň özi 1910-njy ýylda doglupdyr. Dört klas bilimi bar. Şo wagtlar 58 ýaşynda. Goşgynyň awtory näbelli.

• GELIN

Agzyňa seretsem dişleriň hünji,
Ýoluňda sarp etsem müň tümen harjy.
Gepleýän gepleriň baldan hem süýji,
Tarypyň dünýäni tutdy-la gelin.

Gaşlaryň garadyr sim bilen zerden
Burnuň nohut, kişmiş, dişleriň dürden,
Görmäge gelseler Gürgen, Çendirden.
Tarypyň dünýäni tutdy-la gelin.

Ak ýüzüňe haýran bolar durar men,
Bir posa bermeseň boýnum burar men.
Hindistanda suratyňy alarmen,
Tarypyň dünýäni tutdy-la gelin.

Gan dökülsin şol obanyň başyna,
Oba göçdi töweregine, daşyna.
Bizem girsek şol geliniň dişine,
Tarypyň dünýäni tutdy-la gelin.

«Jöhit» atly goşgyny Gurban aga Dostaly bagşydan öwrenip, ýat tutupdyr. Munuň ony öz aýdyşy ýaly hödürleýärin. Ony ol maňa «Johut» diýip aýtsa-da, soň pikirlenip görüp, «Johut däl-de, jöhit bolmalydyr» diýip, men ony «Jöhit» atlandyrdym.

• JÖHIT

Gulak salyň gardaşlar
Bir ajaýyp sözüm bar.
Ne azmaýy sözleýir
Dostlarym pelwerdigar.

Jahan işidir japa
Kim ondan görer wapa
Hakyň dosty Mustapa
Galmamyş bir rozigär.

Nur döküler ýüzünden
Pigammer ýok yzynda
Alam (älem) onuň sözünden
Tapmady mydama karar.

Bir berseň iki bolar
Iki berseň üç bolar
Üçim berseň dört bolar
Malam berseň bişama.

Äli diýdi baraýyn
Nä barymy göreýin.
Alla üçin bereýin
Azy-köp här nä kim bar.

Aly diýdi ýa Zöhre
Baryp alyýyp bara
Göwnüňi uýma gara
Azu-köp her ne kim bar.

Aly diýdi ýa Subhan
Öwrülip bakyp her ýan
Gapa çykdy nägehan
Geldi bir saýyl (garyp) duçar.

Bir aýalyp bir öldi
Şir hora gyzym galdy
Öýüm-de weýran boldy
Munça bolmuşam bizar.

Diýr goýmagyn nä saýyş
Eýle başym azaýyş
Sen bir müşgül kuşaýyş
Kyrk müň altyn karzym bar.

Hezret Aly:
Saýyla sen gal diýdi
Oglanlama gel diýdi
Bir jöhuda al diýdi
Kyrk müň altyn karzym bar.

Öýüme gelmiş birow
Näçe eýleýip garaw
Oglanlar bolsun girow
Kyrk müň altyn karzym bar.

Johut saklap oglanny
Aliga berdi pulny
Saýyl hem tutup ýoluny
Gitdi hoş horramiwa.

Patma oturmyş öýde
Oglanlary girowda
Inisi gelip jöhüde
Diýdi: nädir oglanlar.
JÖHÜT
Aly satdy bularny
Gullanaryna gullarny
……………………………
Pulum bolençe taýýar.

Gardaşy
Diýr: Aga aman mürwet
Täki gelençe hezret
Sakla bularny hormat
Soňy bolar ahyr kän.

Ol jöhüt ony etmez
Inisiniň sözün tutmaz
Otuz gulaç ýüp ýetmez
Kyrk gulaç guýusy bar.

Jöhüt aýdar: gullarna
Baryň guýy ýollarna
Ýüpsüz küýze ellerne
Diýdim suw çekiňler.

Göterdiler küýzäni
Gördi Jebraýyl aly
Mikaýyl gysdy ýerni
Guýy akdy çeşme bar.

Çeşmeden doldurdylar
Durman gönderdiler
Küýzäni huma dökdi
Tükenmez aryk akdy
Çaý dolup dyza çykdy
Johut gorkup zar-zar.

Guş rowan ganat çaldy
Alini göge aldy
Bek tut diýp awaz geldi
Ali gitdi barha-bar.

Sen murguň-da gaş
Alini ülkeden daş.
……………………….
……………………….

Wagyz çykdy mümbere
Halka nesihat bere
Sözün tapmady ýene
Aglap oturdy naçar.

Wagyz diýr bolup Äge
Ýadyma gelmez näge
Eý wezir, eý patyşa
Munda Muhammedi bar.

Wagyz diýr galmaz ýerden
Ol arykdyr göwherden
Çagyraýyp mümberden
Ol özün eýlär äşgär.

Wagyz diýr hak gudraty
Pygammeriň hümmeti
Özüň bildir apaty
On iki sowalym bar.

Sözüme jogap berseň
Gelip garşymda dursaň
………………………………
Mal beren harwar-harwar.

Aly turdy joşundan
Gahar gaýnap başyndan
Bardy wagyz päşindän
Diý mänäm Ahmedýar.

Gepleşeri ýok halym
Ne okarga kitabym
Wagyz bersin jogabyn
Diýp tamam etdi küptar.

5 namaz bir belli wagt
6-dyr 6 jähät
9 duzak, 9 Jennet
O oniki ýok hem saraý.

Ýazdylar Eýran gala
Has ýetişdi bu käre
Hak üçin berlen mala
Bir-birine 10 taýýar.

Marawa maralarny
Bilip aldy närlärni
Getirdi oglanlarny
Patma ondan bihabar.

Aly metjitden gitdi
Birnäçe işler etdi
Iki şähri musulman etdi
Halklar maza aşna ýar.

Dostaly bagşynyň dilinden ýat tutan Gurban Köroglunyň dilinden ýazylyp alyndy.
11 awgust, 1968 ý.
Könekesir.

* * *

Ene maňa kaçy
Annajemal saçy
Böwürsleniň ýapragy

Annameňliniň telpegi.
5 -nji awgust, 1968 ý. Könekesir obasy.

• GÜL ÝARA

Sallananda dar köçäni doldurar
Gyrylmyş duşmana syryn bildirer
Zäpäräk dek gyzyl meňzim soldurar
Göwnüň mende, erkiň kimde gül ýara.

Gelinler içinde gördüm garaňy
Iller taryp etdi dokýan taraňy
Hinjer alyp, dulamagyn ýaramy
Seni görüp beýhuş boldum gül ýara.

Ak bilezik hub ýaraşar goluňa
Iki zülpi düşer inçe biliňe
Husnuň meňzär taza bagyň gülüne
Göwnüň mende, erkiň kimde gül ýara.

Sallana-sallana gireli baga
Baga keşt edeli başdan-aýaga
Bary gyzlar bolsun saňa sadaga
Sen Mahym bol, meni tut Ogulsapar.

Mesmejanyň gezen ýeri samanlyk
Gahba pelek etdi bize ýamanlyk
Mesmejan eline aldy bedire
Bizi görüp ot sandyla tendire
Mesmejanyň yşky bizi ýandyrar.
SIL ALDY
Höwes bilen aldym goşa gelini
Hynaladym 10 barmagny, elini
Hudaý goýmaz, guçem inçe bilini
Turajynyň gözelini sil aldy.

At getiriň, atlaşaly bileje
Kimi altas geýer, kimi küleje
Aly baýyň bäş gelini bileje
Turajynyň gözelini sil aldy.

Gidiň diýiň meniň aga daýyma
Suw goýbersin çemenime, çaýyma
Elim ýetmez okum bilen ýaýyma
Turajynyň gözelini sil aldy.

Gidiň diýiň meniň garry eneme
Demir çaryk geýip gelsin nalyma
Hernä malym bolsa bersin galama
Turajynyň gözelini sil aldy.

Höwes bilen aldym bäş hatar neri
Üstüne ýüklenmen jan bilen seri
Bawartden gaýrysy bäş menzil ýeri
Turajynyň gözelini sil aldy.

Ogulsapar Hojamämmet gyzy,
68-69 ýaşly. Sowatsyz.
Könekesir obasyndan.

• SEÝIT JAPAR

Seýit Japarydym men bagty gara,
Kemerim edipdir bilimi ýara.
Zalym Gurban Baba sen goýduň ýara
Tüpeňläp bilmediň, galdyň armanly.

Uruş turdy, belent daglar elendi,
Japar öldi sowuk suwlar bulandy.
Mäti gardaş bagryn berip elendi,
Atyp bilmän öldüň armanly.

Bajysy: – Japarjana gülle degdi, ýan berdi,
Ýarasyndan dürli-dümen gan berdi.
Öýüne ýetmeýen düzde jan berdi,
Bar gidenler geldi, Japar gelmedi.

Aýaly: – Ýaňyja ýetdi on dört – on bäş ýaşyna,
Köneje gundaly galdy başyna.
Atam-enem ýyglap gelsin gaşyma.
Zalym tüpeňledi, öldi armanly.

Dag başyny duman basar, çaň basar,
Mele atym aýagyny deň basar.
Zalym Gurban Baba sen gara basar.
Tüpeňläp bilmediň, galdyň armanly.

Gatlymyň jülgesi giňdenem düzdür,
Kemerim bilimde ellidir, ýüzdür.
Gynapdan alany alagöz gyzdyr.
Namart tüpeňledi, öldi armanly.

Tüpeň degdi gassygynyň üstüne,
Habar ýetdi söwer ýara dessine.
Zalym Bäşim girdi Japar kastyna,
Namart tüpeňledi, öldi armanly.

Bu goşgyny maňa aýdyp beren «Muny Şyhaly diýen adam ýazypdyr» diýdi.

Il içindäki pähimler:

«Ölüm bar şükürli. Ölüm bar pikirli»
«Öňkümi ýel ertdi, soňkumy sil»

22.07.1970 ý.

• LÄLELER

Daga çykdym gowdular
Damdyramy döwdüler
Meniň aljak gyzymy
Bolköýnege berdiler.

Garşyda kürt öýleri
Tewlede bedewleri
Sallanyp suwa geçer
Gardaşyň gözel ýary
(Baýramgulyýew Oraz)

Gaňrowmanam guşmanam
Dyz üstünden düşmenem
Atam-enem ümlese
Men ümüne düşmenem.
Göç gelýäre, göç gelýär
Ortaky düýäm boş gelýär
Arma(iýa) giden doganmyň
Sesi bizden daş gelýär.
Ýagyş ýagar ýaz eder
Gurbakgalar saz eder
Öýlenmedik ýigitler
Atasyna näz eder.
Gaýradan gelýär bäş atly
Bäşisi-de gyr atly
Men doganmy tanasam
Içinde jöwher atly.

Elbukjamy elledim
Soze sowgat ýolladym
Sowgat siziňki bolsun
Dogan biziňki bolsun.
Agaç başy burular
Düýbünde suw durular
Eziz käbäm jan dogan
Sensiz boýnum burular.

Gara atyň ýolymen
Desse ýüpek halyman
Dogan maňa guwanma
Kesekiniň maly men.

Daga çykasym geldi
Desse bogasym geldi
Desse boýly han gardaş
Seni göresim geldi.

Nohuryň ýollaryna
Sagyna-sollaryna
Birje bilezik gerek
Ýeňňemiň gollaryna.

Inip geldim Akdaşdan
Ak ýaglyk düşer başdan
Isterem alyp gaçan
Gorkarman gyzyl başdan.

Suw geler akmak bilen
Gaýany ýykmak bilen
Hiç myrat hasyl bolmaz
Gyrakdan bakmak bilen.

Eýranyň ýoly kötel
Teplegiň goýda göter
Eziz käbem daýyjan
Ýeňňemi bäri gaýtar.

Daga çykdym tagtalyk
Bir gyz gördüm ak balyk
Menewşeden don tiker
Gyzyl gülden arkalyk.

Daga çykasym geldi
Desse bogasym geldi
Gysga boýly han gardaş
Seni göresim geldi.

Bu dereniň uzyny?
Gambar bakar guzyny
Gambar yşka düşüpdir
Goýberiň goç guzuny.

Garşyda kürt öýleri
Täwlede bedewleri
Sallanyp suwa geçer
Gardaşmyň gözelleri?

Şar-şarydan suw akar
Şilşiläni ýel kakar
Zalym tekäniň (kürdüň) gyzlary
Ýigit görse göz gypar.

Depä çykyp oturdym
Gulakhalkamy ötürdim
Öz doganmyň aýalna
Taksi tutup getirdim.

Аşak gitdim kоwdular
Dutаrymy döwdüler
Меniñ jоrаm (ýаrym) Аkgüli
Воlköýnеge bеrdiler.

Hozly biziň bagymyz
Ýum(u)ry düşdüň (k) gadym(yz)
Biz hoz(lu)myzdan aýrylsak
Düşsün ahy-zarymyz.

Suw geler lüle-lüle?
Gyz geler güle-güle
Egninde keten ýaglyk
Meňzeder gyzyl güle.

Çeşme başsyz bolarmy
Düýbi daşsyz bolarmy
Eziz käbem jan gardaş
Ýanyň ýoldaşsyz bolarmy.

Depä çykyp duruptym
Elimi ýere uruptym
Eziz käbem jan gardaş
Taýýar bolup duruptym.

Gaňyrowmenem guş menem
Dyz üstünden düşmenem
Awam ogly bigaýrat
Beýgunaýa (bigäne) düşmänem.

Banahadan bakarmen
Ballar bolup akarmen
Saçym ýüpek kendilden
Dutaryňy dakarman.

Sowuk suw dagdan geler
Jan gardaş bagdan geler
Eziz käbem jan gardaş
Ölüm aladan geler.

Ala donuň dyzyňdan
Doýmadym kül ýüzüňden
Her hepdede gelmeseň
Inip (idäp) gitdim yzyňdan.

Gyrmyzy donum barmydy
Ýany-ýeňi darmydy
Ogryn-ogryn seredip
Bizde göwnüň barmydy.

Garşyda Harmanymyz
Düýbünde dermanymyz
Garşydan joram gelse
Hiç ýokdur armanymyz.

Garynja günde toýda
Gurbakga günde suwda
Eziz käbäm jorajan
Meniň agam gullukda.

Ak çüýşe, gara çüýşe
Ýoluň daşdyr gelneje
Daýymdan sowgat gelse
Ýary meňki gelneje.

Gök otlar gülläpdir
El ýaglygym kirläpdir
Meniň şujagaz gardaşym
Owadan gelin belläpdir.

Eşmeniýä-eşmeni
Kim bişirdi bişmäni
Bu eýýamyň aýal-gyzy
Hiç bilmeýär ýaşmagy.

Gaýradan maýor geçdi
Görmediňmi gelneje
Magaziniň gapysynda
Gyzyl «Pobeda» parlaýar.

Çykdym çynar düz geldi
Gül ekdim nergiz geldi
Oglan derýany sakla
Bir alagöz gyz geldi.

Çykdym çynar boýladym
El ýaglygym oýnadym
Eziz käbem jan joram
Seni dagdan aýladym.

Garşyda goşa harman
Enedir gyza – derman
Eneli-gyz strlaşsyn
Galmasyn janda arman.

Ýagyşyň sili gelýär
(Kolhozyň) Dünýäniň maly gelýär
Watanmyzyň esgeri
Agamyň ogly gelýär.

Tam üstünde tamymyz
Goşadyr eýwanymyz
Sen ondan gir, men mundan
Kör bolsun duşmanymyz.

Huwlandyýa, huwlandy
Suwda balyk köwlendi
Balyk diýip, tutanmyz
Ýylan bolup köwlendi.

Huwlandyýa, huwlandy
Suwda balyk köwlendi
Balyk diýip tutanmyz
Gurbakga bolup köwlendi.

Garşyda guşlar uçarmyş
Düýbüne güller düşärmiş
Haýp, şunuň guşagyny
Türkmen oglan guşarmyş.

Aýlardan-a, aýlardan
Bir gyz alyň baýlardan
Baýlar gyzyn bermese
Almarys gedaýlardan.

Аşаk gitdim kоwdular
Dаmdyramy döwdülеr
Мeniň jоram Аgagüli
Bоlköýnege sаldylar.

Ala dagyň etegi
Goýun-guzy ýatagy
Ýel öwsende ýylpyldar
Han oglanyň gulpagy.

Araba geler yranyp
Gyzyl mahmal bürenip
Jigijanyň toýunda
Agsak geler bürenip.

Ap aýadyn esipdi?
Elimi pyçak kesipdi
Gyz eneniň goýnunda
Oglan aşykda ýatmaz.

Aý aýdyň bolsa näder
Gyzlar oýnasa näder
Gyzlaryň jan ejesi
Gyzy goýberse näder.

Gaýradan atly gelýär
Telpegi hatly gelýär
Ola meniň doganym
Ýany sowgatly gelýär.

Aý dogar aýa garşy
Suw akar çaýa garşy
Garyba gyz bermezler
Çykarlar baýa garşy.

Dutaryň perde-perde
Her perdesi bir ýerde
Ýagşy gyz ýaman ýerde
Uçraldyr kän ýerde.

Ädigim jikr-jikr eder (ädiklerim jykyrdar)
Öýmüzi palçyk eder
Çykman geçen namaryk
Gyzlary kelçik eder.

Çeşme başsyz bolarmy
Düýbi daşsyz bolarmy
Eziz käbäm jan gardaş
Ýanyň ýoldaşsyz bolarmy?

Goýuny sürdüm düze
Dolandyrdym nergyza
On iki ýyl jepa çekdim
Boýny bukawly gyza.

Goýuny-guzy mesdi
Ýoly ýaramy kesdi
Boýny zaňly ak erkeç
Mer-merdagyndan? aşdy.

Depeden inderdiler
Gyrmyzy don geýdirdiler
Zöhre habaryň barmy
Tahyry öldürdiler.

Çendirlini Çeň gördüm
Obasyny geň gördüm
Geliň nohur gaýdalyň
Tozan bilen çaň gördüm.

Çykdym Gümül dagyna
Gygyrdym gül bagyna
Gyz-oglanyň dodagy
Meňzär guýruk ýagyna.

Daga çykdym taý gördüm
Akar suwda bent gördüm
Gyz-oglanyň goýnunda
Kelle şeker gant gördüm.

Atly geler güpür-güpür
Mekge ýolundan
Ýazylmadyk kagyz geler
Gardaş dilinden.

Gardaş saňa näme gerek
Bäş gyzyl alma
Bajy saňa näme gerek
Salgynçy çalma (gerek).

Garşyda top gamyşlar
Içinde toty guşlar
Men gardaşy ýitirdim
Habar beriň deň-duşlar.
Garşyda kürt öýleri
Germowda bedewleri
Sallanyp suwa geçer
Kürdüstan gözelleri.

Aşak-aşak bakarmen
Däsde darak kakarmen
Ilimden gelen guşlar
Aýagyňa jaň kakarmen.

Nurynyň agaçlary
Jürk-jürk eder guşlary
Biz Nurudan aýrylsak
Ot alsyn agaçlary.

Garşyda durma gardaş
Boýnuňy burma gardaş
Kagyz ýazyp ýollasam
Köplüge girme gardaş.

Läläniň bir bagy bar
Içiniň çar bagy bar
Läle gitdi gelmedi
Meger onda güli bar.

Tagta köpür üstünden
Taýyp düşdüm ene jan
Barmaklarym gyýyldy
Mahmal biçdim enejan
Mahmal biçen ellerim
Behiştdedir enejan.

X X X

Şol gelen ogrutymy,
Ýoluna dogrutymy,
Telpegin gyşyk geýen
Awamyň oglutymy?

X X X

Goýuny-guzy mesdi,
Ýaryň dolagyn kesdi.
Boýny zeňli ak erkeç
Mermer dagyndan aşdy.

X X X

Goýuny sürdüm düzä
Dolandyrdym nergize
On iki ýyl jepa çekdim.
Boýny bukawly gyza.

X X X

Gara atyň ýaly men,
Desse ýüpek haly men.
Gardaş maňa guwanma.
Men kişiniň maly men.

X X X

Gara at kişňär geler
Atanapyn dişläp geler.
Meniň eziz gardaşym.
Toýuny başlap geler.

X X X

Gara syýa däneler.
Hanlar jübünde,
Ap-ak ýumurtgalar
Ketek düýbünde

(6.07.1970).

• HÜWDI

Meniň gülüm aý ýaly
Aýa güne taý ýaly
Agzyndan bir söz alsaň
Gant atylan çaý ýaly.

Meniň jigim otursyn
Eline ýüzük ötürsin
Akja keçäň üstünde
Gaýma gaýap otursyn.

Oglum okuw ýaşynda
Zehini bar başynda
Eline kitap alsa
Hemme oglan daşynda.

Meniň balam ýatypdyr
Gül ýassyga batypdyr
Oýandyrmaň dostlary
Ýaňja uka gidipdir.

Aýlar gyzym almaly
Aýda dokar bir haly
Halysynyň kenary
On barmagnyň hünäri.

Meniň jigim ýatypdyr
Gyrmyzy güle batypdyr
Ulalanda köp okap
Alymlyga ýetipdir.

Alleý-alleý edeýin
Baga sallan edeýin
Bagyň gyzyl gülüni
Saňa gurban edeýin.

Huw diýdim düşdüm ýola
Bakmadym saga-sola
Hekim ata Süleýman
Gaýdyp gelmez bu ýola.

Meniň balam bir güldür
Kisäsi doly puldur
Atasy han-nökeri
Enesi desse güldür.

Bu dere uzyn bolsun.
Miwesi uly bolsun
Balam bilen ýatanyň
Gijesi uzyn bolsun.

Meniň balam ýatypdy
Gyzyl güle batypdy
Gyzyl gülüň tikeni
Gül aýagna batypdy.

Alleý-alleý edeýin
Baga sallan edeýin
Sene gelen keseli
Daga-daşa gowaýyn.

Allan-allan edeýin
Baga sallan edeýin
Bagyň gyzyl gülüni
Saňa gurban edeýin.

• AÝDYMLAR

Gaýanyň düýbünde goşy
Kalpasalar oňa goňşy
Hiç kim bilen ýokdur işi
Şeýle bir gazyny gördüm
Ysmaýyl gazyny gördüm.

Gaýanyň düýbünde bagy
Synasyndan çykmaz dagy
Goşa pärçdik onuň tamy
Beýle bir gazyny gördüm.
Ysmaýyl gazyny gördüm.

Dustepede bardyr mülki
Egnine geýeni kürki (küýki)
Ýedi batman ýarym biti
Beýle bir gazyny gördüm.
Ysmaýyl gazyny gördüm.

Ýigit:
Soraýa, soraýa geldim gapyňa
Sona gelin myhmanlyga al meni.
Çar tarapdan habar alsaň bilermen
Sona gelin myhmanlyga al meni.

Gelin:
Ertir gelip balam gapyňy açar
Enesinden bolan körpäni saçar
Ýedi gardaşym bar ganyňy içer
Ýigit jahyl bakan myhman alynmaz.

Azaşyp gelipmen
Bir oda zynhar
Ahyr eşidersiň
Bir gün ölmeseň.
Atyň iým islese
Çagylar iýsin
Geýimiň kirlese
Ýagmyrlar (ýagyş) ýuwsun.

Gelin:
Başyňa döneýin gel düş seň myhman
Kim-kimi tanaýa, näçe wagt görmänsoň
Biziň adymyza Totyjemal han diýrler
Bermenem men ýagty dünýäýe ýigit.

• ENEBAL

Çebişli-çemenli gulpakly gumda
Ak-apbasy ýaýylypdyr öňünde
Ilersi obanyň gaýra çetinde
Enebal adyňdyr saýlan obadan.

Her dogan ýyldyzdan dogan Aý bolmaz.
Enäni görmesem göwnüm jaý bolmaz,
Bu Könekesirde saňa taý bolmaz.
Aldy janym Enebalyň gözleri.

Aýagynda gülli jorap
Bir görmesem halym harap
Daýhan ogly ogryn garap
Bize garşy geleweri.

• ALTY GYZ EGLEDI MENI

Alty gyzyň biri Patma
Ýar beren ýaglygy satma
Biri gül, biri menewşe
Alty gyz egledi meni.

Alty gyzyň biri Äşe
Gollary bar goşa-goşa
Biri gül, biri menewşe
Alty gyz egledi meni.

Alty gyzyň biri Dursun
Hudaýym kelläňe ursun
(Başlyk malyňy ýagy sürsün)
Alty gyz egledi meni.

Alty gyzyň biri Doýduk
Duşmanlaryň gözün oýduk
Ýar beren ýaglygy satma
Alty gyz egledi meni.

* * *

Iki çynaryň arasy
Degipdir gülle ýarasy
Bolmaz aşygyň çäresi
Diýdim: «Daýymjan amanmy?»

Çykdym dagyň başyna
Aýagym degdi daşyna
Küller Öwez han başyna
Diýdim: «Daýymjan amanmy?»

Pöwrizäm meniň Soýum?
Nasyrylla meniň daýym
Taraýa çekilli toýum
Diýdim: «Daýymjan amanmy?»

Annagül Gurbansähet gyzy,
65 ýaşly. Sowatsyz. Ýatlamalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle