Gunça
Gunça
GUNÇA
Säheriñ nurana ýuwulan ýüzün,
Görmekligem görenlere bagtdan.
Gülaby tagamly mylaýym sözüñ,
Suw alan miwedir ter daragtdan.
Ir açylan gül dek ýalbyrap çyksañ,
Guba gazdan edalydyr ädimiñ.
Mähriñi inderip, sen gülüp baksañ,
Bu dünýäde armany ýok adamyñ.
Näziksiñ,
Ezizsiñ,
Ejiz dälsiñ sen.
Kölgede ekilip, ösen gül kimin.
Keşbiñde görýärin dört
paslyñ keşbin,
Seniñ bilen Zemin dälmi bu Zemin?!
Uz keşde çekmäge ezber elleriñ,
Täsin maşynlaryñam tilsimin tapar.
Zähmete beslenip geçen ýyllaryñ,
Islese, kölleri derýaga salar.
On ýediñ owsunjy humary ýeten,
Gözellik görküne kemen gatan sen.
Elbetde, hoş gylyk bahardan paýy,
Bolmaly şatlykdan ýükün tutan sen.
Nowbahar bakyşly,
Dürdäne huşly.
Bir bagt bagyny bezejek gunça,
Seniñ kalbyñ bolsa näçeräk joşly,
Meniñ saña söýgim möwç alar şonça.
* * *
Ata-ene ömrüñ goşa söýesi,
Muña mydam bil baglaýar adamzat.
Bardy-geldi bular birden synaýsa,
Bu ýagdaýa ynanmazam adamzat.
Meñkem şeýle boldy:
Pelegiñ zährin
Eýýäm ençe ýola dadanam bolsam,
Boýnuma goýsa-da şeýle bolarny,
Oglan-oglanjyk däl adamam bolsam.
Hiç ynanyp bilmedim men bu işe,
Göýä ýalan ýaly ejem ýoklugy.
Başujuny saklap onlarça gije,
Bir gije giderdim uka saklygy.
Bu hata, meñ üçin iñ elhenç hata,
Ýada düşse ejir çekýän, gynalýan.
Enesiz dünýäde juwanlyk nirde,
Salym artýar,
Nurbat gowşap, könelýän.
Bir ýyl geçdi, indi şeksiz ynandym,
Ýitirip durmuşa ýakynlygymy.
Şu gün duýup galdym ýekeligimi,
Indi boýun aldym ýetimligimi.
Çoluk REJEBOW.
Goşgular