| |

Günbatar kyblasy

Günbatar kyblasy GÜNBATAR KYBLASY

Günbatar kyblasy

Ideologiýa — syýasy, jemgyýetçilik taglymaty emele getirýän hökümetiñ, syýasy partiýanyñ, jemgyýetçilik synpyñ ýa-da adamyñ özüniñ hereketine we düşünjelerine ugur görkezýän syýasy, ylmy, pelsepewi, hukuk, dini, estetiki, ahlak-moral prinsiplere esaslanýan düşünjeleriñ bir bitewi ulgamydyr…
Soñra bir kişi:
Fransuz filosofy Antuan Destýut de Trasi (1754 – 1836) idelogiýa adalgasyny orta atdy.
Onuñ pikiriçe ideologiýa dogry bilen ýalñyşy, patarraky bilen reallygy aýyl-saýyl etmäge gönükdirilen ylmy dissiplina.
Şu nukdaýnazardan ideologiýa «pikirler baradaky ylym» diýibem atlandyrylýar.
Ideologiýa düşünjesini ýaýgynlaşan akyldar Karl Marks boldy. Ol şeýle diýdi:
«- Jemgyýetiñ maddy güýjüne erk edýän synp, şol bir wagtyñ özünde agalyk ediji intellektual güýçdür…
— Maddy önümçilik serişdelerini elinde saklaýan synp, şol bir wagtyj özüne añ-önümçilik serişdelerini-de elinde saklaýar…
— Añ-önümçilik serişdelerinden binesipleriñ pikirleri bu serişdelere eýelik edýänleriñkä garaşlydyr…»

Diñe marksistler däl, M.Weber, E.Durkheým ýaly köp sanly akyldarlar-da ideologiýa düşünjesine dürli-dürli kesgitlemeleri berdi.
Geleliñ, esasy gürrüñimize:
Hemişe şunuñ aşagyny çyzýaryn: Ideologiýa, teoriýa, kesgitleme jedeli edilmese, diñe şahslaryñ gürrüñi edilýän «syýasat çukurynda» pyrlanyp-çabalanyp ýörüler!
Ýagny gidiljek «ýol» üçin kompas, karta gerek…

• TARYHY ARKA PLAN

Köp syýasy partiýa ideologiýa sözüni eşidende neden irkiliyor?
Iki sebäbi bar:
Birinjisi, «Sowuk uruş» döwrüniñ başlangyjynda — 50-nji ýyllarda Günbatar-ABŞ «ideologiýalaryñ soñy» tezisini orta atdy. Öñe sürlen pikir şudy: Marksyñ pikiriçe ideologiýalara esas bolan zat ykdysady deñsizliklerdir. Günbatar jemgyýetleriniñ ykdysady derejede bol-elinlige ýetmegi synp tapawudyny aradan aýrandygy üçin bu ideologiýalaryñ soñunyñ gelendigini añladýar!
Ikinjiden, «Sowuk uruş» gutarañkyrlanda — 90-njy ýyllaryñ başynda Günbatar-ABŞ «taryhyñ soñy» tezisi bilen ideologiýalaryñ ölendigini öñe sürdi.
SSSR-iñ dargamagy bilen dünýäde jemgyýetleri öwür-çöwür etmekde ýoluñ soñuna gelinendigini, ýagny dünýäde diñe liberalizm ideologiýasynyñ galandygyny we beýleki ideologiýalaryñ hemişelik ýok bolandygyny öñe sürýän tezise esaslanyldy: Postmodernizm!
Şek-şübhesiz, Günbatar-ABŞ reallygy bozan psihologik uruş taktikasyny agzady. Kän wagt geçmedi, görüşleri ýaly «ideologiýalaryñ soñy» tezisiniñem soñuna gelindi!
Munuñ özi esassyzdy.
Gelinen ýer şu boldy:
— «Sowuk uruş» döwri gutardy.
— ABŞ-nyñ öñbaşçylygyndaky Günbataryñ neoliberalizm esasly globallaşma zorlugy — «gaýdutlygy» gutardy.
— Mundan beýläk dünýäde «Täze sowuk uruş» döwri başlady.
Ýagdaý şeýle bolsa:
Dünýäde we halkara möçberde «täze hatarlar» nädip belli bolmaly? Meselem:
Nasional we musulman syýasy identiçnost «Sowuk uruş» döwründe ABŞ-Günbataryñ tebigy ýarany hökmünde «kommunizme garşy göreş» gurşawynda şekillendi.
Yzyndan ABŞ-Günbatar bu gurşawy täze önümi bolan çalşyrylan köýnegi bilen — global imperialistik neoliberalizm bilen tapyşdyrdy. Emma:
«Täze Sowuk uruş» döwründe «ideologiýa kartlary» täzeden paýlanýar — täze hatarlar peýda bolýar! Şindi näme-nämeler bolarka?

• DOGRY UGRY GÖRKEZENOK

Günbatar özboluşlylygyny hemişe uniwersal model hökmünde tanatdy, muny agitirledi we munuñ daşyndaky syýasy modelleri, ideologiýalary kabul etmedi.
Günbatar merkezçiliginiñ «kesekiniñ» boýnuna dakan modeli — Günbataryñ bähbidine laýyk bolma kyssasydy:
— Bähbidine laýyk bolsañ «demokrat konserwatiw», bähbidine ters bolsañam «awtoritar diktator!»
— Bähbidine laýyk bolsañ-a «ylymly yslam», bähbidine çapraz düşseñem «radikal-terrorçy yslam!»
Günbatar bu gegemonik garaýyşdan, boýna dakmadan, basyşyndan asla el çekenok!
Munuñ ady düýn «medeniýetleşmekdi», şu gün «demokratiýalaşmak» boldy. Näme bolanda-da añyrsyndaky hakykat hemişe imperialistik eksplutasiýa boldy!
Häzirem käbir «çepçi» görnüşli syýasy partiýanyñ ideologiýasy-düşünjesi gelip şuña direýär: Günbatara goşulşyp häkimiýet başyna gelmek. Ýagny, Günbatar gelip çykyşly oriýantalizme ýesir düşmek…
FETÖ-nyñ döwlet agdarlyşygyna synanyşan wagtyna çenli AKP-nyñ pozisiýasy-da şeýledi. Haçanda ABŞ-ny we Günbatary garşysyna alyp, Demirgazyk Siriýada ýasama döwlet gurluşynyñ harby operasiýa geçirmek arkaly öñüni alyp, Gündogar Ortaýer deñzinde initisiatiwa görkezip, Russiýadan howa-goranyş sistemasy «S-400» alyp, Ukraina-Russiýa urşunda aktiw bitaraplyga eýerip, Atatürküñ garaşsyzlykçy daşary syýasat ýolunda ýöremäge başlady welin, Erdoganyñ näletlenmegi-de Günbatarda şol döwürde başlady öýdýän?
Uzatmaýyn…
Dünýä üýtgäp dur, ideologiýalar gurşawynda täze polýarizasiýalaşmalar orta çykýar. Şol sanda:
Käbir partiýalar dar, pese inen, biziñ günlerimizde düşünje taýdan hiç hili matlaby-manysy bolmadyk «Sowuk uruş»
hatarlaşmasyny dowam etdirmek isleýär. Ine, muña welin berk nägileligim bar.
Men beýle diýmek bilen ABŞ-dyr Günbatar bilen üzül-kesil aramyzy üzeliñ diýjek bolamok! Emma boýun egmäge gönükdirilen, ýekeçil «Günbatar kyblasyny» aýyl-saýyl edeliñ, seljereliñ…
Biz çuññur maglumatlara, ideologiýa-teoriýa esaslanýan çekişmeleri etmäge borçly.
Bize täze kompas gerek, çünki elimizdäki kyrk ýyl bäri dogry ugry görkezenok…

Soner ÝALÇYN.

«SÖZCÜ» gazeti, 01.04.2022 ý. Publisistika

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle