Gün, sähra hem-de men
Gün, sähra hem-de men
Sährada säheri-syldym ýüzüme,
Sährada özümi synadym bu gün.
Dünýäniň iň beýik hökümdarynyň –
Günüň sähra gelşin synladym bu gün.
Agşam aşygyny taşlap gidenne
Utanýan Gün birden-bire çykmady.
Ilki gözýetime altyn çaýdy ol,
Soň baýyrlaň aňyrsyndan jyklady.
Giň sähraň özüne garaşýandygny
Gördi-de ýüzüni galdyrdy ýerden.
Men sorup ganmadym, sorup ganmadym
Kümüş garyndysy garylan nurdan.
Içdim men,
Içdim men serhoş bolynçam,
Özgelere galdyrardan daşdadym.
Ahyram ümezlän gözlerimi süzüp,
Günüň ädimlerin sanap başladym.
Arman, gün şeýle bir tiz ýörär eken,
Onlap menzil ýol eken her ädimi.
Aljyradym,
Serhoşlykdan açyldym
Hem duýdum özümiň ejizdigimi.
Gyzardym, müýnli dek garadym Güne,
O bolsa asmana ýetipdir eýýäm.
Meň açgözlük bilen sorup ganmadyk
Nurumam älemi tutupdyr eýýäm.
Guşlaň sesin diňläp, gülleri ogşap,
Egne lybas geýip sadadan-sada,
Sahydygna, belentdigne buýsanyp,
Garap ýatyr aşygyna sähra-da.
Menem gaşlarymy der bilen ýuwup,
Oýlandym, kelläni döwdüm gaty kän:
«Gün bilen sähranyň ogly bolsam-da,
Nämüçin, olara meňzemedimkäm?!»
Italmaz NURYÝEW. Goşgular