|

Gün dogdy…

Gün dogdy… GÜN DOGDY…

Gün dogdy,
Ýene etmeli işler,
Düýn bolşy ýaly galmasyn ertä.
Bolmady , çykdy ýene bir säwlik,
Şony düzeltsem, soň etsem borda…

Güýmenip ýörşüme, wagt geçipdir.
Gün galypdyr. Dik ýokarda eýýäm.
Dosdum jaň edýär, ýumuşy bilen,
Ony bitirýänçäm bolupd:r öýlän.

Bolupdyr öýlän,
Gün ýaşyp barýar.
Irdenki işimede gar ýagdy.
Aý bolýa, indi erte ederin,
Öňümiz gije …
Ýene, gün dogdy.

Remezan MÄMETGURBANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle