|

Gülzarlygyñ ýeñişi

Gülzarlygyñ ýeñişi GÜLZARLYGYÑ ÝEÑIŞI

Her kim bilýär,
Her kim bilýär.
Garyşyk pikirlerine ykmanda buludyñ
Gargañ gyryk, nayza kimin sesiniñ
Biz hakynda ýetirjegini illere.
Sen hem men:
Gülzarlygy gõrdük sowuk gädikden
Oyun edyan almany ýolduk
Uzakdaky baglykdan.
Her kim gorkyar,
Her kim gorkýar.
Ikimiz ýagtylyga, suwa, ayna garyldyk.
Emma gorkmadyk.
Meniñ aytmaga meyl edenim:
Depder gatlarynda duşuşmaga
Hyýallanan iki adyñ ýüpek deýin işilşi.
Meniñ bagtly saçlarymdy sõzbaşy.
Seniñ gyzgyn posalaryñ yzy galan saçlarym…
Balyk teññeleri deý parlayan
Ak niýetli süññümiziñ kümüş reñki
Ýaşaýşyñ sõzbaşy aýdymlarymyz.
Soragladyk, yzladyk biz:
Gijäniñ ýabany towşanlaryndan,
Dañdan çeşme şildireýän tokaýdan
Gaýgyly hem sowukganly deñizden,
Hünjilerden dolup akýan akardan
Haýbatly dagda gujurly bürgütlerden
Soragladyk:
Näme etmeli biz, näme etmeli?
Her kim bilýär, her kim bilýär
Symruglaryn sessiz sowuk ukysyna garyldyk.
Ahyry hakykaty tapdyk bakjadan-
Nämälim Gülşeniñ ýygra bakyşynda.
Bakykygy tapdyk gaharsyz wagty-
Iki Güneşiñ bir-birine bakyşyndan
Menin aýtmak isleýänim:
tümlükdäki gorkak pyşyrdylar däl.
Gündizlere sõzbaş bolan açyk penjire hem ter-tämiz howa.
Hem dereksiz zatlaryñ ýanyp gutaryşy…
Üýtgeşik miwe berýän başga bir meýdan…
Bigünä kepderiler
zemine bakýarlar ak üçeklerden,
Gizlin hasrat bilen doly perdeden…
Dogulmak,
dõremek,
gelmeklik bagt.
Biziñ sõýen ellerimiz sõzbaşy bolan,
Ýürege kõpri çeken
yslar,
yşyklar,
Şemallar bilen,
Gijäniñ bir çeni Gülzarlyga gel,
hem çagyr meni.
Dem alanda sährañ mahmal gülleri.
Çagyr meni!
Çagyrşy deý bir jereniñ hõwrüni.

Füruğ Ferruhzad.
Rusçadan terjime eden Kalba Nur Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle