Gülşat /goşgy

Gülşat /goşgy Gülşat

Gelen «bagt» ýaly göýä ömrüme,
Ümür basan pikirlerim uçurduň.
Lal duýgyma, güýç bereňde göwnüme,
Şatlyk bilen pikirlerim açardyň.
Ahmal bolman giç barmazdyň öýnüze,
Taýym bolup men bagtdan uçardym.!

&&&

Gülýän ýüzi aglatmasyn zenanlar,
Üzüm ýaly galsyn süýjülikleri.
Lapykeç ykbaly hüsnüň jemaly,
Şatlandyrsyn berýän öpüjikleri.
Akly alsyn, bagta eltsin ruhuňy,
Titresin bedeniň ap-ak öýjügi.

&&&

Gök ýüzünde uçup ýören göwnüm bar,
Ümre basyp münüp bilsem bulutlaň.
Laýyk bolmak tebigaty söýmäge,
Şat durmuşyň wadasy däl unutmak.
Adyňa mynasyp adam ogly sen!
Taňrynyň öňünde gerek utanmak.

✍Ahally

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle