Güller (Es­se)

Güller (Es­se)

LAO Şe,
hytaý ýazyjysy

Men gülleriň aşygy. Bagbançylykdan o diýen başym çykmasa-da, olary ösdürip ýetişdirýärin. Käýarym dagy iş-aladalarym bilen olaryň ugruna seredibem ýetişemok. Emma şonda-da öz ýanymdan: «Gülleri idetmek — durmuşyň gözelligi» diýip hasap edýärin. Maňa olaryň gabarasy ýa bolmasa hili wajyp däl. Esasy zat, olar güllände men özümi örän bagtly duýýaryn. Tomus aýlary bakjamyň gülleri açyldygy bu töweregiň ähli pişijekleri şu ýerdedir.

Bagymda gülleriň görnüşleri diýseň kän bolsa-da, arman, üýtgeşik, täsin güller ýok. Gymmat bahaly gülleri ýetişdirmek kynrak, solaýsa dagy gaty gynanýarsyň. Çünki Pekiniň howasy gül ýetişdirmek üçin o diýen oňaýly däl. Gyşy gazaply, ýazy şemally, tomsuna bolsa ýa gurakçylykdyr ýa-da güýçli ygallydyr. Iň oňaýlysy güýz diýäýmeseň, onuňam yz ýany hä diýmän sowuk düşýär. Şolar ýaly howada men güllere aýratyn ideg edýän, olary iýmitlendirýän. Ýöne her näçe zähmet sarp etsemem, bu ugurda tejribäm kemterlik edýär. Şonuň üçin diňe irginsiz idegi talap etmeýän, ynjyk däl hem-de ýaşaýyş ugrunda göreşip bilýän gülleri ösdürip ýetişdirýärin.

Bardy-geldi güljagaz ýaşamak üçin jan eden bolsa, menem mundan bihabar galyp, ünsden düşüräýsem, olar guramak bilen boluberýär. Edil dostuňa garaýşyň ýaly, olaryňam idegini ýetirip durmaly. Meselem, käbirleri Günüň ýagtylygyny halamaýan bolsa, käbiri aşa köp suwy halanok. Ine, şujagaz aýratynlyklaryny nazara alsaňam ýeterlik, maý aýy gelende olaryň gül-gül açylýandyklaryny görüp bolýar. Bu bir tarapdan gyzyklam. Özüm-ä güljagazlar hakynda şeýle ýönekeýje zatlary bilmekligi gerekmejek zat däl-de, zerurlyk diýip düşünýärin.

Olaryň ugruna seredip, gydyrdanyp ýöremde asla ýadawlyk duýamok, gaýtam tersine, hereketde bolýaryn. Bu bolsa saglygyň üçin juda peýdaly. Olar öz ýanlaryndan menden hoşal bolýarlarmy ýa-da ýokmy, anyk bilemok, ýöne men olara çäksiz minnetdar. Käwagt bir zatlar ýazaýyn diýip otursam-da, on sözlemden artyk ýazyp bilmeýärin. Şonda bakjama çykyp güllere seredişdirýärin, suwlaýaryn, ýerlerini çalyşýaryn. Bagymda biraz güýmenenimden soň ýene-de iş otagyma dolanyp, ýazmagymy dowam edýärin, birhaýukdan ýene-de bakjama çykýaryn. Bu endik meniň maddy hem ruhy işjeňligimi kuwwatlandyrýar. Zähmet bilen bedeniňi taplamak bolsa, derman bilen bejergiden has peýdaly.

Birden güýçli ygal gelse ýa-da howa üýtgäberse, onda maşgalamyz bolup üýşüp, gülleriň aladasynda bolýarys. Beýle ýagdaýlarda hasam howsala düşýärsiň, haýal-ýagallyk etmäge pursadam ýok. Ýüzlerçe güldanly gülleri bir-birden göterip, howpsuz ýere geçirmeli bolýaryn. Ertesi gün howa gowulaşanda bolsa, ýene-de öňki ýerine daşamaly bolýaryn. Bedenimde ýene-de agyrylar gozgaýar. Şonda-da nalamok. Birden olaryň ýekejesine zeper ýetip, ýitirmeli bolaýsam nätjek?!

Süýtçi gelip: «Bir ýerlerden-ä ýakymly ys gelýär!» diýip, öwgüli sözleri aýdaýsa dagy, maşgala bolup begenjimizden depämiz gök direýär. Hytaý bägüli güllände, dostlarym ýörite görmäge gelýär. Agşam elimiz çyraly baga çykýarys. Sebäbi bu güller gije açylýar. Kök ýaýradyp köpeldigi, haýal etmän dostlaryma berýärin. Zähmetimiň miwesine başgalaryňam ideg edýändigini görmek meni hasam bagtly edýär.

Elbetde, şatlykly günleriň bolşy ýaly, gaýgyly günler hem boluberýär. Durmuşda bi. Ine, şu ýylyň tomsunda güýçli jala gelip, kökläp oturan heniz ekip ýetişmedik üç ýüz sany hrizantemamyň otuz sanysy harap boldy. Muňa maşgala bolup esli wagtlap gynanyp gezdik.

Begenmegem bar, gynanmagam, gülmegem bar, aglamagam, gül bolsa, bag gögerer. Diýmek, hemme zadyň gapma-garşylygy bar. Yhlas bilen çekilen zähmetiň miwesi rehnetdir. Ine, muny men gülleri ýetişdirmek endigimde aýdyň gördüm.

Hytaý dilinden terjime eden Didar ISLAMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle