Gullar, Lukman atly gul hem olaryñ hojaýyny hakynda hekaýat
Gullar, Lukman atly gul hem olaryñ hojaýyny hakynda hekaýat
GULLAR, LUKMAN ATLY GUL HEM OLARYÑ HOJAÝYNLARY HAKYNDA HEKAÝAT
Birçak Lukman diýilýän bir gul barmyş,
Işi sowuk-sala berjaý kylýarmyş.
Birhili äwmezek, haýal-ýagalmyş,
Ýoldaşlary oñ başyna baýarmyş.
Gullañ hojaýyny günleñ bir güni
Miwe ýygmak üçin ýollapdyr ony.
Beýleki gullañam gidipdir bary,
Miwe ýygmak dälmiş olañ azary.
Datly miwelerden sygnap, doýanlar,
Hojaýyna: "Lukman iýdi" diýenler.
Bu işe dergazap bolan hojaýyn,
Darapdyr Lukmana hut möjek deýin.
Lukman şonda şeýle diýipdir oña:
"Bular ýalan töhmet ýöñkeýär maña.
Hudaýyñ öñünde bular günäli,
Pursat geldi synap göreriñ ýaly.
Biziñ barymyzy synagdan geçir,
Ählimize diñe gyzgyn suw içir.
Soñam: "Bol, ylgañ — diý — baryñyz bile!"
Senem yzymyzdan atyñ debsile.
Bizi ýeke-ýeke ýörenden añtap,
Şeýtseñ, syryñ üsti açylar añsat…"
Hojaýyn hut onuñ aýdyşy ýaly,
Etmeli işlerni edipdir doly.
Gullaryñ ählisin gyssap, kowalap,
Özi-de galmandyr gamçysyn bulap.
Biraz wagtdan soñ miwe iýenler,
Içleriniñ towlaýanyn duýanlar.
Düşüpdir ählisi masgara hala,
Lukman arkaýynmyş bir ala-böle.
Şeýdip, açypdyrlar bu syryñ üstün,
Akyl mekirlikden gelipdir rüstem.
Goşgular