Gülki otagy
Gülki otagy
«Köp gülen bir aglar».
Halk pähimi
BIR ADAM GIRDI «GÜLKI
OTAGYNA» HOL BAÝAK:
Görsene, bolar eken beýle-de äpet aýak!
Burny egri aññal deý,
Kersen kimin papagy!
Kellesi kädä meñzeş,
Boýny almañ sapagy!
Garny allowarrada —
Pagtaly ganar ýaly!
Hernäçe synlasañ-da,
Däl ony tanar ýaly!
Güle-güle günuzyn
Baý, heziller edindi.
Bir garry diýdi: «Guzym,
Çaky ýagşy,
Git indi!
Köp gülseñ, bir aglarsyñ!»
Garra gulak goýmady.
«Hah-hah-hah-hah-hah-hah-ha!»
Gülüp özün güýmedi.
Ertesi-de geldi ol,
Birigünem geldi ol,
Soñky günem geldi ol
Ondan soñky günde-de
Için tutup güldi ol.
Kem-kemden aýnadaky
Keşbine öwrüldi ol.
Hernäçe synlasañ-da,
Däl ony tanar ýaly:
Garny allowarrada —
Pagtaly ganar ýaly!
Kellesi kädä meñzeş,
Boýny almañ sapagy!
Burny egri añnal deý,
Kersen kimin papagy!
Görsene, bolar eken beýle-de äpet aýak!
BIR ADAM ÇYKDY «GÜLKI
OTAGYNDAN» HOL BAÝAK.
■ GÜLKI
Täze kino bolsun, ýa spektakl,
Näme hakda, biz öñünden bilýäris:
Gülkülidir — azdyr, pelsepe akyl
Diýşimiz deý! Hezil edip gülýäris.
Ruhy dünýämiziñ psihiatrlary —
Režissýorlar goýup şama-şaýyrdy,
Parasat köşkleri — teatrlary,
Belent abraý — mertebeden aýyrdy.
Gülki öýlerine öwrüldi olar,
Güldürmeklik üçin her iş edýärler.
Baş maksat: «Köpräjik pul düşse bolar!»
Gelenler boş gelip, gury gidýärler.
Radioda Poşalakdyr Topulak
«Mawy ekranyñam» gülküsi ýetik.
Gülki örñäp barýar misli topalak,
Pähim bossanynda garawsyz bitip.
Gülüp ýeñjek bolýan däldiris hernä,
Duçar bolýan dert-azarmyz durmuşda?!
Gülmek gerekmikä gam çekmek ýerne,
Kesel gaýra tesgiç burçluja hurşda!
Hemra ŞIROW. Goşgular