«Gül kamatly, emma it gylyk…»
"Gül kamatly, emma it gylyk…"
Gül kamatly, emma it gylyk,
Bir zen sataşdy,
Maňa bu ýolda.
Öňümden çykan deý batgalyk,
Diýdim:
Allahym özüň golda!
Gündiz Günden, gije hem Aýdan
Nurly dideleri
Baglady meni.
Men sypan deý misli ok ýaýdan,
Gitdim nyşana guş dek eňip.
Men zehinim, hem barja aklym,
Her gün zordan tapýan bäş teňňämi hem,
Onuň aýak astyna atdym,
Namys bilmän aglap-eňremäni hem.
Indi bir ömre ýoldaşymdyr,
Sowaýança bu bedeniň ýylysy.
Gül görki solup maýmyna dönse-de,
Galsa bolýar wepadar it gylygy.
Isgender MÄLIK.
21.05.2022 ý. Goşgular