|

Gul diýdi maña

Gul diýdi maña GUL DIÝDI MAÑA

Gul diýdi maña

Sabadan ugradym men bir gözele,
Ýöri heý-heý, jaýy gul diýdi maña.
Men bir jellat boldum jana gylyjy,
Saña-da gyýaram bil diýdi maña.

Jahyllar ýanynda kitap okunmazn
Gözel görmiýençä köñül bakynmaz,
Bar git ýigit saña peýdam tokunmaz,
Istärseñ derdimden öl diýdi maña.

Joşgun suwlar kibi şaglaýyp akma,
Her jaýy dilbere meýil edip bakma
Men seniñem ýigit, bar, elem çekme,
Tenha seni bol-da gel diýdi maña.

Söýemok dünýäde şugul-gammazy,
Asla bulamadym haram imezi,
Boýnuña parz bolan bäş wagt namazy,
Gel, synam üstünde kyl diýdi maña.

Garajaoglan nazar bar biri sende,
Duş bolmaz başgasy hiç peri sende,
Ýassy namazynda tün ýarysynda,
Gijäniñ ýarynda gel diýdi maña.

GarajaOGLAN. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle