| |

Gudrat / intermediýa

Gudrat / intermediýa GUDRAT

  —     Doktor han, oňat iş ýeriñde baram ekeniñ. Gyzgynym galyp, gözüm garañkyrap dur. Ýagdaýymy barlap beräýmeseñ-ä…
  —     Elim degenok…
  —     Weý, boş dursuñ-a. Eýlesi-beýlesi bir minitda barlardyñ-da.
  —     Boş duran bolsamam, "elim degen-nokk"!..
  —     Gaýrat et, doktor jan! Senden em isläp geldim. Eliñi degräýsene?..
  —     Äl-aýt, inim, düşnüksiz bolnoý ekeniñ-aý. Ynha, iki elimem jübimde. Elimiñ hiç zada degmeýänini görüp dursuñ-a.
  —     Bä, aýdylýan zatlar çyn eken-ow… Wiý, doktor jan indi düşündim. Häzir men señ jübiñe elimi salyp çykararyn welin, eliñ deger duruberer. Ine, saldym. Elleñ bir zatlara degip gitdimi özi?
  —     Äh-ä… Degýä…Degýä… Degdi!
  —     Degen bolsa onda iki eliñem jübiñden çykaraý.
  —     Bor… Bor… Ine, çykardym. Bäý, bolnoý elimi degirmäge ökde ekeniñ-aý. Zora zor diýmeli. Sende bir göze görünmeýän bir uly gudrat-a bar.
  —     Wah, doktor jan, meñ ýaly garamaýakda gudrat näme işlesin? Gudrat ýañky eliñe degen zatlarda.
  —     Bolýa, bolýa. Beýdip wagt ýitirip durmaly. Häzir elim degip durka seni bir gowuja barlaýyn hem däri-derman bereýin. Hany, ýör, iş otagym baraly.  

Hojageldi KÖRHANOW.

«Watan» gazeti, 1999 ý. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle