Gud­rat (He­ka­ýa)

Gud­rat (He­ka­ýa)

Angelina BARTÝONEWA,
rus ýazyjysy

Alabaharyň ilkinji günleridi, düýnki ýagan gar eýýäm eräpdi. Diňe oýlarda galan suwlardyr lüýkler agşamky gary ýatladýardy. Bu gün asmanyň ýüzi gamaşyp durdy, howa bolsa çygly hem salkyndy. Alisa aýdym-saz mekdebinden çykyp, öýlerine gaýdyp barýardy. Keýpi o diýen çag däldi, birneme ýadaw görünýärdi. Ol garalyp duran agaçlaryň ýalaňaç şahalaryny synlap, ýöräp barýardy. Daş-töwerekde reňkli zat bolmansoň, hasam ýürekgysgynç görünýärdi. Eýýäm garaňkam gatlyşypdy. Birdenem gyzjagazyň ýüzüne ýagşyň sowuk damjalary düşdi. Ol derrew saýawanyny açyp, ädimini ýygjamlatdy. Hä diýmän öýleriniň girelgesine ýetdi. Emma onuň bilesigeliji çaga gözleri daş-töweregi gurşan garaňkylygyň içinde kiçijik akja zady saýgardy. Pişijek ýumak ýaly düýrlenip, agaçdan gaçaýjak-gaçaýjak bolup otyrdy. Onuň kellesinde hemem arkasynda garaja tegmili bardy, mas-mawy gözleri bu dünýä üýtgeşik garaýardy. Ol bu dünýäni gyzjagazyň görşi ýaly däl-de, başgaça görýärdi. Alisa sähel salym sägindi. Pişigi öýlerine äkidesi geldi, ýöne munuň üçin nähili hupbat çekjekdigine düşünip, oňa gynanç bilen seretdi. Gyzjagaz öňküsi ýaly ynamly ýöremegi dowam etjek boldy, ýöne başarmady. Birdenkä… Gulagyna bir ses eşidilen ýaly boldy. Hawa, hakyt, ses eşidildi!

— Pişigi alyň, ol size juda mätäç…

Gyzjagaz daş-töweregine garanjaklady, hiç kim ýokdy. Ahyrynda-da pişijege dözmedi, ony gujagyna alyp, öýlerine getirdi. Ol gapydan girende pişiklere ýiti allergiýasy bolan ejesiniň näme diýjekdigi hakda oýlanmazlyga synanyşdy. Öl-myžžyk bolup, düýrlenip duran pişigi pola goýberdi. Pişijek silkinip, hezil edip gerindi-de, gyzyň gözlerine seretdi. Alisa hem onuňka seretdi. Şol kiçijik monjuk gözlerden, gör, näçe ýylylyk, näçe ynam çogup durdy!

Öýde hiç kim ýokdy. Gyzjagaz bu pursatdan peýdalandy. Ol täze dostuny gowy edip suwa düşürdi, onuň garagäz bolan sütüklerini arassalady. Janawaryň gar ýaly akjadygyny görüp, haýran galdy. Oňa söýgi bilen seredip durşuna, «Garjagaz» diýip at dakmak kellesine geldi. Hawa, hawa, ony hut şeýle atlandyrmaly! Alisa Garjagazy naharlandan soň, otagy ýelejiretmek üçin penjiräni açdy. Sergin şemal şobada otaga ýaýrady-da, ýene şol tanyş ses:

— Berekella… — diýip seslendi.

Setanda-seýranda biri nirädir bir ýere haýdap geçýär diýäýmeseň, köçede yns-jyns ýokdy. Alisa bu sözleri kimiň aýdýandygyna düşünmän:

— Sen kim? — diýip, töweregine garanjaklady.

— Kimdir öýdýärsiň?.. — diýen ses pessaýja eşidildi-de, gyzjagazyň depesinde bulut ýalyjak zat aýlandy.

— Sen… arwahmy?.. — diýip, gyzjagaz gorka-gorka sorady.

— Şeý diýseňem boljak… Ýöne sen azajyk ýalňyşýaň… Men… Hoşniýetli… — diýip, edil gulagynyň ýanynda pyşyrdady.

— Kim? Sen kim diýýärsiň?! — diýip, Alisa gulaklaryna ynanmady. — Emma… — diýip, gyzjagaz söze başlap-başlamanka, bulut onuň sözüni tapba böldi-de:

— Menden gorkma… — diýip, ony köşeşdirdi. — Sen juda gowuja gyz… Mähirlije, men saňa meňzeşleri halaýaryn… Hä diýmän men gaýyp bolaryn, ýöne sen ýadyňda sakla… Her kimiň özi özünde ýagşylyk, gowulyk çyragyny ýakmasa, onda oňa, hatda meniňem güýjüm ýetmeýär. Her kimiň diňe özi, diňe öz islegi, ynsana adamçylykly bolmaga kömek eder… — diýdi-de, ýagşylyk buludy howada eräp, gözden gaýyp boldy.

Alisa biraz diňşirgäp durdy-da, penjiräni ýaparman boldy. Garjagaz bolsa ýumak ýalyja togalanyp, aýagy-aýagyna çolaşdyryp, towsup, şatlanyp hojaýynynyň ýanyna geldi. Gyzjagaz ýylgyryp, kiçijik bagtyny berk gujaklady. Ol hiç haçan özüniň ýagşylyk çyragyny öçürmejekdigine, beýlekileriň hem ony tapmagyna kömek etjekdigine söz berdi.

Rus dilinden terjime eden Gözel EMINOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

 

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle