|

Grek gyzyna

Grek gyzyna GREK GYZYNA

Grek gyzyna

Sen doglupsyñ şahyrlaryñ hyýalyn
Ataş bolup, oda köýdürmek üçin.
Üýtgeşik näz bilen berip salamyñ,
Bendi eýläp, özüñ söýdürmek üçin.
Gündogar äheñi bilen sözlişiñ,
Aýna dek göz bilen näzli gözlişiñ,
Aýagyñ jüp basyp, messan ýörişiñ…
Sen doglupsyñ diñe näz etmek üçin,
Biziñ janymyzy gabz etmek üçin.
Aýtsana, bir mahal Leýliñ aşygy
Idealyn gözläp, üzlüp örkünden,
Gam-gussalar ýuwdan yşkyñ şahyry
Çeken wagty onuñ gözi-gaşyny,
Alan-a däldir-dä seniñ görküñden?
Ýa mukaddes asmanynyñ astynda
Kän-kän jebir çekip, ylhamy joşan
Ýuwanlyñ düýşüne girip, undulmaz
Keşbiñ onuñ ýüreginiñ üstünde
Gezýärmi ýa ýatyrmu oñ çuñunda?
Belki, öz mirasy bilen bagtyýar
Tolgunç döredendir, kelläñi ýaplap
Onuñ gerdeninde gözüñ süzensiñ…
Ýok, ýok, dostum, men gabanmak islämok.
Bagtym, kän wagt menden eliñ üzensiñ,
Indi täze lezzet küýseýär ömrüm.
Ýöne eý görenim ýek görer öýdüp,
Bir gussaly gorka gaplanýar göwnüm.

Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.

■ Ý.N.TOLSTOÝA ÝAZYLAN HATDAN

Ýanýarmyñ sen häzir, biziñ lampada*,
Garyplaryñ dosty, toýlaryñ dosty?
Joşýarmyñ sen hezil, eý, altyn bada,
Dilewar ýigitleñ göterýän tosty?
Barmysyñyz şindem öñküñiz ýaly
Diýýän dostlar Kipradany, lirany?
Içgili mahaly, söýgi mahaly
Ýaltalygyñ, işsizligiñ ýarany,
Wagt öñküsi dek ötýärmi häli?

Sürgünlikde tukat bolup, her sagat,
Pikirimde höwes edip, gam iýip,
Size tarap uçýan ganatym ýaýyp,
Hyýalymda sizi görýärin magat:

Ol öýde söýgi bar, erkin muza bar,
Ine, ol jaý örän myhmansöýer jaý.
Onda kasam içip, çykaryp karar,
Ömürlik soýuzy edipdik berjaý.

Ol ýerde biz dost gadryny bilerdik,
Ol ýerde mylaýym erkin deñlik bar.
Stoluñ başynda söhbet kylardyk,
Onda baş-başdaklyk, aýry geñlik bar.

Gürrüñleri çalşyrardy al şerap,
Degişme aýdymlar çykardy zowlap.
Kiçijik uçgundan jedeller döräp,
Tutuşar barardy gitdikçe lowlap.

Nesip eder, sataşaryn, wepaly
Şahyrlar, ýene-de men siziñ bile…
Dolduryñ siz al şerapdan bokaly,
Eý, galmyk, sen meniñ saglygym dile.

Terjime eden: Çary AŞYR.

________________
* Lampada ㅡ Puşkin bu ýerde »Zelýonnaýa lampa» diýen jemgyýeti göz öñünde tutýar. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle