|

Graf A.A.Arakçeýewe…

Graf A.A.Arakçeýewe… GRAF A.A.ARAKÇEÝEWE

Rossiýanyñ ol zalymy,
Maslahat ㅡ mejlis alymy,
Gubernatorlary bogan,
Patyşaga syrdaş, dogan,
Kime asal, kime zäher
Pürkýän gende hem-de akmak,
Namyssyz bir kütek tokmak, ㅡ
Kim ol wepaly bişöhrat?
Kimdir öýdýäñ?… ㅡ Gorra soldat!

Terjime edenler: Gurbandurdy GURBANSÄHEDOW, Bagşy JÜRMENEK.

* * *

Irizmezmi seni beýle sögüşmek?
Seniñ bilen meniñ hasabym asan.
Wagty boş geçirýäñ, meniñ işim ýok,
Sen bir barypýatan ýalta bir ynsan.

Terjime eden: Çary AŞYR.

✸ PERIZAT AÝNAÑ ÖÑÜNDE

Sen bir seretsene oña ㅡ aýnañ öñüne baryp,
Bakyp öz gül jemalyna, zülpi bilen oýnanda,
Onuñ näzli ýylgyrşyn, örän ýeser nazaryn,
Buýsanjyn dogry görkezýär oña wepadar aýna.

Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.

✸ YLHAM

Körpe oglankam meni söýüp, gowy görerdi,
Ýedi dilli tüýdügi meñ elime bererdi.
Öwrenje barmaklarym boş gamyşda ýörende,
Oñ ýañly deşikleri çala owaz berende,
Hudaýlary wasp edýän belent mukam alamda
Ýa sada çopanlaryñ sada heñin çalamda,
Gözlerini güldürip, diñlärdi şatlyk bilen
Dublaryñ kölgesinde ertirden agşama çen.
Syrly gyzyñ sapagyn çuññur diñläp ýaşardym,
Bir söý bilen berlen bu sylag üçin, joşardym.
Gözel ýüzden zülplerin serpip, arka atardy,
Birden özi tüýdügi meñ elimden alardy.
Ylahyý nepes bilen ol tüýdük seslenerdi,
Mukaddes bir yşk bolup kalbymda beslenerdi.

Terjime eden: Ýakup NASYRLY.

* * *

Islegmiñ möwriti ötdi,
Arzuwym menden daş galdy.
Indi hesret gelip ýetdi,
Ýüregim hañlap, boş galdy.

Täleýiñ tüweleýinde
Gül täjim soldy başymda.
Ýalñyz ýörün gam öýünde,
Ajal tor gurýar daşymda.

Gyşyñ sesi bar gursakda
Ýowuz aýazyñ öñýany ㅡ
Galpyldaýan, boş pudakda
Ýalñyz galan ýaprak ýaly!..

Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle