| |

Gözýaşlar syganok çemodanyma…

Gözýaşlar syganok çemodanyma… GÖZÝAŞLAR SYGANOK ÇEMODANYMA…

— Hemme zadyňy aldyňmy, saýawanyňy? London ýagyş-ýagmyrlaryň şäheri ahyry!
— Bilýäň ahbetin, men ýagyşda saýawansyz gezmegi halaýan…

Bir zatlar dökülip gitdi gözümden,
Entegem Sen barsyň!
Jan ýok janymda!
Näçe urunsam-da, salyp bilmedim —
Gözýaşlar sygmady çemodanyma.

Aramyzdan öter gyssanmaç pursat,
Gijä siňip gider ýyllar — nagyşlar.
Aeroport. Ikimiz aglaşyp durkak
Ajaýyp Londonda ýagar ýagyşlar.

Noýabr, seretme, gözlerimde nem,
Onsoňam nobata durun alňasap.
Töwerege bakýan howatyr bilen —
Iňlisçe sözleri gursagma basyp.

Çet ýurtly aýalyň çagalary şat —
Gyzy gülüp bakýar, zülpleri çowly.
Enäniň elinden çyrpynyp boşap,
Torbamy oýnaýar çyparsaç ogly.

Biraz unudýaryn dünýäni, seni,
Aklymy ogurlar şu pursat, ine.
Takdyr elmydama goldady meni,
Mydam tarapymda, goý, dursun ýene.

Geldi-gitdi bolup galdymy essim?
Küýüm özümde däl. Kim güler-aglar?
Men çykyp giderin dünýäden sessiz —
Hatda ýagyş-ýagmyr düşünmän galar.

Hoşlaşyp, uzakdan goluň salgadyň,
A men galdyraýan… bogazda daş bar.
Meni süýräp barýar syrly salgyma
Çemodana sygman galan gözýaşlar.

Hosiýat RUSTAM,
Özbegistanyñ «KITOB DUNYOSI» gazetiniň baş redaktory.

Terjime eden Orazmyrat MYRADOW.

«Nesil» gazeti, 18.03.2023 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle