|

«Gözümde uky ýok ýene bu gije…»

"Gözümde uky ýok ýene bu gije…" «GÖZÜMDE UKY ÝOK ÝENE BU GIJE…»

Gözümde uky ýok ýene bu gije,
Egnime atylgy gara şalymam.
Garyşyk duýguly bir göwün bile
Alyp durun penjiräniñ ýanyny.

Ak kepderi maña habar getirdi,
Gaýdyp gelýämişiñ ýene yzyña.
Daşarda gyş, dünýämde gyş düşledi,
Sen gideñde dünýä bardy güýzügen.

Sen maña düýbünden ýat bolduñ ahyr,
Göýä geçen ýaly aradan asyr.
Unutdym, geñ dälmi bu unudylyş,
Tanadykmy bir-biregi biz asyl?!

Bilmedim, ýogsa biz gör näçe gije,
Gör näçe gündizi gecirdik ýan-ýan.
Men ol gijeler däl, gündizlerem däl,
Söýgi diýp aldanan ýüregme ýanýan.

Sen meni söýmänsiñ, men bolsa seni
Geçipdir bir gezek berilýän ömür.
Aýrylyp añladym söýmänligiñi,
Söýmänligimi.
Muña-da şükür.

Bu ukusyz gije yene-de durun,
Egnime atynyp gara şalymy.
Argyn kalba aram berýä pikirlem
Indi gaýdyp saña bagly däldigim.

Zöhre ÖWEZOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle