|

Gözlerde galan goja

Gözlerde galan goja GÖZLERDE GALAN GOJA

Heran-haçan Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, teatr we kino sungatynyň ussady Ata Döwletow hakynda söhbet edilende, ilkinji nobatda, onuň döredijilik ýolunyň 1929-1972-nji ýyllarda teatr, şol ýyllardan soň bolsa, kino sungatyna şaha aýyrýandygyny bellemek zerur. Ol türkmen we daşary ýurt tomaşaçylaryna ajaýyp, ýatdan çykmajak teatr we kino gahrymanlarynyň keşbini peşgeş berdi.
Ata Döw­le­tow 1912-nji ýyl­da Aşga­ba­dy etek­läp otu­ran Kö­şi obasyn­da, daý­han maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär. Ka­ka­sy Döw­let aga bü­tin öm­rü­ni daý­han­çy­lyk­da geçir­se, eje­si Ogul­sa­par daý­za ezber ha­ly­çy bo­lup­dyr. Döw­let aganyň Ata­dan baş­ga-da bäş sa­ny og­ly bo­lup­dyr, ça­ga­lar ene­den ir mah­rum bol­ýar. Ata agyr maş­gala­da ulu­sy bo­lan­soň ka­ka­sy bi­len ho­ja­ly­gyň ýü­kü­ni öz ger­de­nin­de çek­ýär. Sä­hel eli sy­pyn­sa, oba oglan­la­ry bi­len Kö­şi oba­syn­da­ky harby bö­lüm­de es­ger­ler ta­ra­pyn­dan sah­na­laş­dy­ryl­ýan gys­ga­ça sah­na eser­le­ri­ne, ak-ga­ra ki­no­film­le­re toma­şa et­mä­ge gi­der eken.
Or­ta mek­de­bi ta­mam­lan­soň, 1929-njy ýyl­da Türk­men döw­let dra­ma te­at­ry­nyň ga­ra­ma­gyn­da artist­le­ri taý­ýar­la­ýan üç ýyl­lyk okuw açy­lan­da, onuň il­kin­ji ta­lyp­la­ry­nyň bi­ri bol­ýar we onuň gur­jak bö­lümi­ni ta­mam­la­ýar. Us­sat ar­tist­ler Aman Gul­mäm­me­dow, Gy­lyç Berdi­ýew, Al­la­na­zar Mä­ti­ýew da­gy­nyň re­žiss­ýor­lyk et­me­gin­de sah­na­laşdy­ryl­ýan gur­jak oýun­la­ry bi­len ýurdu­my­zyň dür­li se­bit­le­rin­de oýun gör­kez­ýär­ler.
Ol 1936-njy ýyl­da ar­tist­lik ussat­ly­gy­ny ös­dür­mek üçin Türk­men döw­let aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ryn-da goş­ma­ça okuw geç­ýär. Şeý­lelik­de, ol ymyk­ly dra­ma te­at­ry­nyň ar­tis­ti bo­lup ga­ly­ber­ýär. Ýyl­lar geç­ýär, baş­da ki­çi­räk gah­ry­manla­ryň keş­bi­ni ýe­ri­ne ýe­ti­ren artist, so­ňa­ba­ka sah­na­da ga­har­jaň, wä­şi, me­kir, ýa­ran­jaň, ga­raz dür­li hä­si­ýet­dä­ki gah­ry­man­la­ryň keş­bi-ni jan­lan­dyr­ýar. Sah­na­da gah­ryman yzy­na gah­ry­man, keşp yzy­na keşp peý­da bol­ýar.
Ata aga­nyň has şow­ly çy­kan gah­ry­man­la­ry­nyň bi­ri-de N.W.Gogo­lyň «Der­ňew­çi­sin­dä­ki» Lu­ka Lu­ki­çiň keş­bi­dir. Ol züw­wet­din, gor­kak, ýa­ran­jaň, işi­ni düý­bün­den oňarmaýan ada­myň hä­si­ýe­ti­ni oý­na­ýan keş­bi­niň üs­ti bi­len açyp gör­kez­ýär. Hles­ta­kow­dan çe­ki­nip, el­le­ri­ni tit­re­dip çi­lim ot­laý­şy­na, soň çi­li­miň ot­ly ta­ra­py­ny ag­zy­na sa­lyp, ba­şa­gaý bo­lup otury­şy­na, «Derňew­çi­niň» ber­ýän so­wal­la­ry­na jogap ta­pyp bil­meý­şi­ne to­ma­şa­çy­lar he­zil edip gül­ýär­ler, el çarp­ýar­lar.
El­bet­de, bu ar­tis­tiň us­sat­ly­gy­dy. Ba­zar Ama­now bi­len Ga­ra­ja Buru­no­wyň «Keý­mir kör» ta­ry­hy drama­syn­da iki­ýüz­li Mür­ze Mäh­ti­niň, Gü­se­ýin Muh­ta­ro­wyň «Al­lan aganyň maş­ga­la­syn­da» öz hä­si­ýe­tine la­ýyk gel­ýän oba ýi­gi­di, sa­da, my­la­ýym Al­ty­nyň, Ber­di Ker­ba­baýe­wiň «Aý­gyt­ly ädi­min­de» agyr dur­mu­şy mert­lik bi­len ýe­ňip geçýän, şa­dy­ýan, ru­hu­be­lent Gandym aga­nyň keşp­le­ri­ni us­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­rip, to­ma­şa­çy­la­ryň söý­gü­li ar­tis­ti­ne öw­rül­ýär. Ha­ky­ky ar­tist teatr sah­na­syn­da adyg­ýar, tap­lan­ýar, kä­mil­leş­ýär. Oňa Aman Gul­mäm­me­dow, Ba­zar Ama­now, So­na My­ra­do­wa, Mu­ham­met Çerke­zow, Gy­lyç Ber­di­ýew, Ata Durdy­ýew ýa­ly sah­na us­sat­la­ry bi­len bir spek­takl­da çy­kyş et­mek, bir gapy­dan gi­rip çyk­mak özü­niň oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.
Ata aga 1972-nji ýyl­da hor­mat­ly dynç al­şa çy­kan­soň, oba­nyň pa­rasat­ly go­ja­la­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şulyp, oba dur­mu­şy bi­len bo­lu­ber­ýär. Ata-ba­ba­dan mi­ras ga­lan daý­hançy­lyk kä­ri­ni do­wam et­dir­ýär.
1974-nji ýyl­dan Ata aga­nyň sun­gat äle­min­de ikin­ji dur­mu­şy baş­lan­ýar. Şol ýyl ol ki­no­re­žiss­ýor Sa­par Mol­la­ny­ýa­zo­wyň «Gu­ýy ussa­sy» at­ly do­ku­men­tal fil­mi­ne çagy­ryl­ýar. Bu onuň ki­no dün­ýä­si­ne il­kin­ji ga­da­my­dy, film şow­ly çykýar. Şu ýer­de onuň 1956-njy ýyl­da «Aşyr aga­nyň höç­jet­li­gi» fil­min­de hem ki­çi­räk keşp­de çy­kyş eden­digi­ni bel­le­mek ge­rek.
Ata aga­da­ky te­bi­gy ze­hin, ýum­şak hä­si­ýet, türk­men go­ja sy­na mah­sus bo­lan pa­ra­sat­ly­lyk, guý­ma­gur­sak­lyk ki­no sun­ga­ty­na giň ýol aç­ýar. «Türk­men­fil­miň» ki­no­re­žiss­ýor­la­ry bu akt­ýor bi­len gy­zyk­la­nyp baş­la­ýar­lar. Ki­no­režiss­ýor Hal­mäm­met Ka­ka­ba­ýew türk­men ne­bit­çi­le­ri­niň dur­muşun­dan gür­rüň ber­ýän «Al­ty­nyň öwüş­gi­ni» at­ly çe­per film­de Gy­lyç aga­nyň keş­bin­de çy­kyş et­mä­ge, 1978-nji ýyl­da bol­sa «La­çy­nyň ogur­lan­ma­gy» at­ly film­de su­ra­ta düş­mä­ge ça­gyr­ýar. Şeý­dip, ekran­da keşp yzy­na keşp ha­tar gurap baş­la­ýar.
Ta­ny­mal ar­tis­t hem re­žiss­ýor Ba­ba An­na­no­wyň «Kä­riz­gen­le­rin-de» jan­lan­dy­ran Gö­rog­ly aga­sy Ata aga­nyň ki­no sun­ga­tyn­da­ky şow­ly keşp­le­ri­niň ba­şy bol­ýar. Ata aga örän gaý­rat­ly, mert, my­la­ýym, on­da-da Gö­rog­ly gaý­rat­ly be­lent ada­myň keş­bi­ni dö­ret­di.
Ki­no­re­žiss­ýor­lar Os­man Sa­parow bi­len Ýaz­gel­di Se­ýi­dow 1982-nji ýyl­da meş­hur «Gor­kak ba­tyr» at­ly çe­per film­de Mer­gen aga­nyň keş­bi­ni Ata Döw­le­to­wa ynan­ýar­lar.
Film­de Mer­gen aga bir gör­seň-ä, ga­har­jaň, ta­lap­kär adam bol­sa, bir gör­se­ňem, ça­ga ýa­ly, pa­ra­satly, zäh­met­sö­ýer ýa­şu­ly­nyň keş­bi­ni ynan­dyr­jy­lyk bi­len jan­lan­dy­ryp­dyr.
Zäh­me­tiň üs­ti bi­len ag­ty­gy Ça­mana ter­bi­ýe ber­ýär, onuň eder­men, ba­tyr ýi­git bo­lup ýe­tiş­me­gi­niň alada­sy­ny ed­ýär. Bu fil­miň şow­ly çykma­gyn­da Ata aga­nyň go­şan­dy­nyň ulu­dy­gy­ny aýt­mak ge­rek. Fil­mi su­ra­ta dü­şü­ren dö­re­di­ji­lik to­pa­ry 1983-nji ýyl­da Mag­tym­gu­ly adynda­ky Döw­let baý­ra­gy­na my­na­syp bol­ýar. Şol to­par­da Ata aga-da bar­dy. Bu­lar­dan baş­ga-da, bu film ki­no­fes­ti­wal­la­ryň on­lar­ça­sy­na gatna­şyp, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­dy.
Ata aga­nyň ki­no sun­ga­tyn-da ýe­ne-de bir örän şow­ly çykan keşp­le­ri­niň bi­ri ki­no­re­žiss­ýor Ýaz­gel­di Se­ýi­do­wyň «Ga­dy­my dag­la­ryň ro­wa­ýaty» atly fil­mindä­ki Nur­ýag­dy aga­nyň keş­bi­dir.
Bu ro­wa­ýat — fil­miň ede­bi esasy ýa­zy­lan­da, Nur­ýag­dy aga­nyň keş­bin­de Ata Döw­le­to­wyň gy­lyk-hä­si­ýe­ti, daş sy­pa­ty göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Bu­lar­dan baş­ga-da, Ata Döw­le­tow «Türk­men­film­de» dö­re­di­len film­le­riň bir­nä­çe­sin­de su­ra­ta düş­ýär.
Ne­ti­je­de, pa­ra­sat­ly, sa­da, nura­na, ru­hu­be­lent türk­men go­jasy­nyň or­ta­lyk keş­bi ek­ran­da öz or­nu­ny tap­ýar. Ol ha­ky­kat­da­nam, türk­men ki­no sun­ga­ty­nyň go­ja­syna öw­rül­di. Onuň yh­las siň­di­rip, ir­gin­siz zäh­met çe­kip, duý­gu­la­ra ýug­ru­lan keşp­le­ri şu gün­ler hem il için­de ýa­şa­ýar. Diý­mek, ki­çi­göwün­li, uly ar­tis­tiň yh­la­sy, ze­hi­ni ýeri­ne dü­şüp­dir. Ata aga 60 ýyl­dan gow­rak wag­tyň do­wa­myn­da teatr we ki­no sun­ga­tyn­da dö­re­den gahry­man­la­ry­nyň iç­ki dün­ýä­si­ni açyp gör­kez­me­gi ba­şar­dy. Ol di­ňe bir ar­tist hök­mün­de däl-de, paý­hasly ki­şi hök­mün­de-de kal­by­my­za siň­di. Onuň be­ýik­li­gi bu ýa­şu­lynyň sa­da­ly­gyn­da bol­sa ge­rek. Ol mis­li öz gah­ry­man­la­ry ýa­ly göwna­çyk, duý­gu­daş, paý­has­ly, sa­da yn­sandy. Ata aga bi­ze türk­me­niň pe­riş­de ýa­ly go­ja­la­ry­nyň keşp­leri­ni gal­dy­ryp git­di. Ol öz dö­re­den keşp­le­ri­ne dur­muş­da­ky bol­şu­ny, hä­si­ýe­ti­ni, aky­ly­ny, ze­hi­ni­ni siň­dirdi.
Ata aga­ny soň­ky ýo­lu­na ugrat­ma­ga ba­ra­ny­myz­da, ýa­nym­da du­ran ýa­şu­lu­la­ryň bi­ri­niň: «Adam öl­me­ýär, di­ňe ýur­du­ny tä­ze­le­ýär, onuň dur­muş­da bi­ti­ren ýag­şy işle­ri, onuň dö­re­den gah­ry­man­la­ry en­tek-en­tek bi­ziň ha­ky­da­myz­da ga­lar» di­ýen söz­le­ri ýa­dym­dan çyka­nok.

Myratnyýaz GURBANNYÝAZOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyñ uly mugallymy.

# «Türkmenistan» gazeti, 07.09.2019 ý. Teatr we kino sungaty

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle