| |

Gözler gözellikde eglensin

Gözler gözellikde eglensin GÖZLER GÖZELLIKDE EGLENSIN

Gözleň gözellikde eglense ýagşy,
Çünki gözellige teşnedir olar.
Göz öňüňden geçer müňlerçe gözel,
Ýöne diňe biri seniňki bolar.

Gözleň gözellikde eglense ýagşy,
Aýyň gijelerde eglenşi ýaly.
Ýagyş damlajalaram ýere düşmänkä,
Güllerde eglenýär myhman mysaly.

Gözleň gözellikde eglense ýagşy,
Gözellik bar ýaradylşyň kökünde.
Betniýetden dogýan betnyşanlygy,
Ýok ediň, ýok ediň bagryn köwüňde.

Gözleň gözellikde eglense ýagşy,
Ýagşy zatlaň baky galýany üçin.
Onda gözelligiň ýagşylyk bilen,
Birmeňzeş bolmagy mümkündir, mümkün.

Hoş sözlere büdräp bagtly ýollarda,
Hoşluk bilen geçireliň ýaşaýşy.
«Ýaşanyňa juda degýän dünýäde»
Gözleň gözellikde eglense ýagşy.

Isa HOJAMERDANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle