|

Gözellik

Gözellik GÖZELLIK

Gözellik

Şeýle tämiz güller bitýär ýazyna,
Şerap içen ýaly göçýär-de kelläň,
Özüňem aňşyrman, çöküp dyzyňa
Ysgaýaň ýolmaga milt edip bilmän.

Şeýle bir gyzlar bar, misli bir hyýal,
Baglara seýl eder şuglasyn saçyp,
Olara kilçerip lak atmaga däl,
Hatda galarsyň sen agzyňy açyp.

Şeýle bir goşgy bar, şeýle bir goşgy,
Okabam bilmersiň labzyny ýoýup.
Oňa öýkünmeg-ä beýle-de dursun, Ýazmaňam goýarsyň meňki däl diýip…

Eger ýürek diýlen bar bolsa sende
Gözellik özüne maýyl edýändir.
Gözellik däl, özün gorap bilmese,
Ýoýup bolýan bolsa gözellik däldir!

Nobatguly REJEBOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle