Gözeller şasy
Gözeller şasy

Ýanar otda ýanar men,
Bir gün seni görmesem.
Aýyrmasyn ykbalym
Saňa boýun burmadan.
Hiç kese boýun synman
Az görmedim jepany.
Indem boýun buramsoň,
Rowa görmez sapany.
Şa öňünde epilmek
Raýatyna aýyp däl.
Sen gözeli özümiň
Ýalňyz şahym saýyp men.
Janym alsaň berermen,
Sen deý mahy-tabana.
Jan algyçdyr gözleriň,
Geldim aý, gyz amana.
Seniň ýaly barmy, heý,
Şeýle ajap ýasalan.
Ykbalym ykbalyňa
Müdimilik ýazylan.
Göz öňümde jemalyň
Çykaňok hiç huşumdan.
Sensiň diýip çaklaýan,
Geçse biri duşumdan.
Tapylmaz seniň taýyň,
Meni bagtly eden gyz.
Göterdiň ykbalymy
Täji-tagtly eden gyz.
18-19.04.2000. Goşgular