|

Göz öñüne getiriñ…

Göz öñüne getiriñ… GÖZ ÖÑÜNE GETIRIÑ…

Göz öñüne getiriñ...

Göz öñüne getiriñ…
Jennetiñ ýokdugyny.
Synanyşsañyz añsad-a bu…
Astymyzda dowzahyñ ýokdugyny
Üstümizde diñe asmanyñ bardygyny
Göz öñüne getiriñ
Jümle ynsanlaryñ şat durmuşyny.

Göz öñüne getiriñ…
Ýurtlaryñ ýokdugyny.
Göz öñüne getirmek kyn däl-ä…
Ugrunda ölerlik ýa-da öldürerlik zadyñ ýokdugny
Dinlerem ýok.
Göz öñüne getiriñ
Jümle ynsanlaryñ agzybir ýaşaýanyny.

Maña hyýalbent diýip bilersiñiz…
Emma ýeke hyýalbent men däl-ä.
Bir gün sizem maña goşularsyñyz
Üýşersiñiz bir dünýäni gurmaga.

Göz öñüne getiriñ…
Mal-mülküñ ýokdugyny.
Maña-ha gyzykly
Siz göz öñüne getirip bilýäñizmi özi?
Harsydünýälige
Açgözlük etmegiñ zerurlygy ýok
Ynsanlaryñ dost-doganlygyny
Göz öñüne getiriñ
Jümle ynsanlaryñ jümle-jahany paýlaşyşyny.

Maña hyýalbent diýip bilersiñiz…
Emma ýeke hyýalbent men däl-ä.
Bir gün sizem maña goşularsyñyz
Üýşersiñiz bir dünýäni gurmaga.

Jon LENNON. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle