|

«Göýä, bir azaşan gämi…»

"Göýä, bir azaşan gämi…" «GÖÝÄ, BIR AZAŞAN GÄMI…»

"Göýä, bir azaşan gämi..."

Göýä, bir azaşan gämi,
Jahanda ýok belli ugrum.
Bu hem hiç,
Ýöne göwrämi
Ýok etmekçi bolýar ruhum.

Ol diýýär: “Saňa dynçlyk ýok,
Baş goşduň peýdasyz işe.
Seni öňe äkidýän ýol
Hiç haçan gowşurmaz ile.

Seni söýüp idäp gelen
Soň galmak islär ganyňa.
Owal-ahyr şatlyk bilen
Dolanmarsyň mekanyňa.

Özgäniň çekýän ezýeti
Saňa ötere ýol bermez.
Dünýäniň aýşy
-eşreti
Gamgyn köňlüňi bejermez.

Özüňe tapmarsyň orun
Gämisinde goja Nuhuň…”
Şu zatlary aýdyp her gün
Maňa azar berýär ruhum.

Orazgylyç ÇARYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle