Gowy garpyz / satiriki hekaýa
Gowy garpyz / satiriki hekaýa

Añyrdan diýseñ keýplije gelen Sähet Seýidowiç şlýapasyny ýokary galdyrdy-da:
— O-ho-ho-ow, bazar-a tamdyr ýaly gyzan eken. Öñürti içimizi bir sowatsak öýdýän — diýip, çöwürmeli ýigidiñ ýanyna ýöneldi.
Garpyz satyjynyñ öz işi özüne ýetik bolarly. Ol ýalñyşman şol bir diýen sözlerini yzly-yzyna gygyryp gaýtalaýardy:
— Garpyza geliñ, garpyza! Sladkiý arbuz! Dadanam armanly, datmadygam…
Ýok, bu dünýeden armanly gitmek bolmaz. Ondan hökman dadyp görmeli diýen pikir bilen, Sähet Seýidowiç satyjynyñ alkymyna dykylyp bardy.
— Garpyzyñyz süýjümi? Näçeden diýýäñiz…
— Agam, agzyñyz ýanyñyzda bolsa dadyp göräýiñ. Bahasynam oñşarys — diýdi-de, ol biline gysdyrylgy uly gezlik bilen bir garpyzyñ böwründen tümmül aldy. Özüne tarap uzan köz ýaly garpyzyñ bölegi Sähet Seýidowiçiñ agzyny suwartdy. Ol derrew symyşlap başlady. Ine, birdenem, onuñ ýüzi-gözi agardy-da, gaýtdy arkanlygyna, şarpyldap.
Bazaryñ ortarasynda üýşen garpyzyñ gapdalynda serlip ýatan syrkawyñ ýanynda pelesañ kakýan ak ýektaýly gelin Sähet Seýidowiçi görenden:
— Zäherlenipdir — diýip, başyny ýaýkady. Ony çaltrak keselhana äkitmeklik bilen boldy.
Şo wakadan soñ geçse ýarym sagat geçendir-dä, ýañky çöwürmeli ýigidiñ ähli garpyzlaryny seresaplylyk bilen maşyna basdylar-da, özünem nirädir bir ýerik alyp gitdiler.
— Be-e, o ýigidiñ garpyzyny aýratyn gowy gördüler öýdýän, hemmesini alyp ötäýitdiler — diýip, bu başagaýlykdan bihabar bir adam içini gepletdi.
Täçmämmet JÜRDEKOW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. Satiriki hekaýalar