Gowulyk / hekaýa
Gowulyk / hekaýa
GOWULYK
Tomsuň güni köýnek-balagymy derden ýaňa öl-myžžyk edip, argyn halda zordan özümi öýe atdym.
— Dul galasyň gelmeýän bolsa, äriňe çaý ber tiziräk — diýip, gelşime-de aýalymy gyssadym. Olam bir hum çäýnegi öňümde goýup:
— Röwşen jan, bar, ballym, kakaňa bir käsejik getirip ber — diýdi.
Şu ýyl birinji klasa gatnap başlamaly oglum düňk düňk edip, aşhana ýumlukdy. Düňk-düňk edibem yzyna gaýtdy. Gelýärkä-de tekiz ýerde büdüräp, elindäki käseleriň ikisinem kül-pagyş etdi.
— E-eý, nädäýdiň nebir käseleri?! — diýip, men onuň sag gulagynyň düýbüne bir şarpygy gondurdym.
— Men saňa iki käse alyp gel diýdimmi? — diýip, öz gezeginde ejesem oglumyň sag gulagynyň düýbüni tozatdy.
Obadan ýöriteläp gezmäge gelen ejem:
— Degmäň çaga! Döwülse, döwülipdir-dä. Jäç döwülse, gowulyk bor gaýtyp… Tur, Röwşen jan, ýeriňden, tur, guzym! — diýdi.
Ertesi aýalym bir jäç tarelka bilen aýna süýjüdany göz-görtele çym-pytrak etdi-de:
— Jäç döwülse, gowy bor — diýip, ejemiň diýenlerini gaýtalady.
Menem:
— Dogry aýdýaň, keýwany! Jäç döwülse, hökman gowulyk bolaýmaly — diýdim-de, böwri gülli, ullakan hum çäýnegi asylgy duran ete hyýal edýän pişikden aýlap saldym. Röwşen jan-a meniň içip boşadan çüýşelerimi bireýýäm gyýçaga öwrüp taşlady. Ol indi tomatdan, mürepbeden, kompotdan boşan bankalary nyşana alyp ugrady. Ýagşydan-ýamandan sesini çykarmasa-da, onuň ýüregini men bilip durun. Gowulyk isleýär! Soň bir gün işden geldim welin, aýalym gargynjyrap, çyralarymyzy döwüşdirip ýör:
— Barybir şu artyplar öçügsi. Bolanyndan bolmany gowy. Näçe gargyş etse-de, onuň päli düzüw. Gowulyk küýseýär! Onsoň menem "boş oturmaýyn-la" diýip, owadan jäç küldanymy paltaň astyna aldym. Balyk konserwasynam küldan edindim. Gowulyk tamakinçiligi bilen şeýtdim, elbetde. Başga bir gün oglum Röwşen jan ýanyma geldi-de:
— Agaç döwseňem gowulyk bolýamy, kaka, agaç çemçeleri döwseň? — diýip sorady.
— Be-eý, bilmedim-ow, oglum şony — diýdim.
— Onda äpişgelerimiziň aýnalaryny döwäýjek men-ä — diýdi olam.
— Döwseň, döwäý — diýdim. Az salym geçensoň, bir eýlämden, bir beýlämden pagşyldy gopup ugrady…
Ine, şeýdip, ýaşap ýörüs. Ejem-ä gara berenok.
Gowulyk bolsa, onuň geljegi belli. Gowulyk welin ýok! Ýogsa, jäçden ýasalan zatlarymyz gutaryp barýar.Şonda-da gezip ýörün. Garaşýan. Umyt edýän.
Meniň durmuşymda köp mahallap gowulyk bolmandy.
1993. Aşgabat.
Kakamyrat ATAÝEW.
Hekaýalar